Bölümler
Arhiw
| D | S | Ç | P | A | Ş | Ý | |||||||
|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
| 1 | 2 | 3 | |||||||||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | |||||||
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 | |||||||
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 | |||||||
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 | |||||||
Habarym bolsun
Habarlary bildir:
Anketa: Dünýä Kubogy
Milli toparymyz 2010 dünýä kubogyna gatnaşyp bilermi?
Iň köp okalan
Iň köp teswirlenen
Umumy
Aý we günleriň atlary üytgedi.
TurkmenPress 01 Iýul, 2008 12:34:00
Ýurdumyzda aýlaryň we günleriň atlary şu günden başlap Gregorian senenama we gündogar halklarynyň gün atlaryna görä ulanylmaga başlady.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Mejlisimiz senenamany üytgetmek barada teklip taýýarlapdy. Täze teklip ...
Aşgabat narkotika garşy göreş maslahatyna öý eýeçiligi edýär.
TurkmenPress 26 Iýun, 2008 12:33:24
Hazarýaka döwletleriniň we halkara guramalarynyň gatnaşmagy bilen deňiz menzillerinde neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmagyň meseleleri boýunça birinji halkara maslahat öz işine başlady. Pariž paktynyň başlangyjy bilen geçirilýän ...
İlat sanawy 2012-nji ýylda geçiriljek.
TurkmenPress 17 Aprel, 2008 14:07:00
Ýurdumyzda ilat sanawy 2012-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda geçiriler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna laýyklykda şol bir möhletiň dowamynda ýaşaýyş jaý gory hem täzeden ele alnar. Türkmenistanyň Statiskika baradaky döwlet komitetiniň soňky ...
Kiýew ilçisi işden boşadyldy.
TurkmenPress 20 Mart, 2008 10:10:00
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäky adatdan daşary we doly yggyýarly ilçisi Arslan Nepesowy işden boşatmak barady permana gol çekdi. Prezident Berdimuhamedowyň permanynda Nepesowyň işde goýberen düýpli kemçilikleri sebäpli wezipeden ...
Prezident Berdimuhamedow baş prokuror Ogşukowy işden aýyrdy.
TurkmenPress 04 Mart, 2008 11:04:00
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylygynda geçirlen Howpsyzlyk Geňeşiniň Mejlisinde baş prokuror Ogşukow Mammetguly Orazsähedowiç işde goýberen kemçilikleri üçin işden boşadyldy. Mejlisde owalky baş prokuror Ogşukowa, “Kemçilikleri bilýärmisiň?“ diýip soran Berdimuhamedow ...
Welaýat polisiýa bölümlerine täze başlyklar bellendi.
TurkmenPress 21 Ýanwar, 2008 10:52:42
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň polisiýa bölümlerine täze başlyklar bellenildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna täze polisiýa müdürlerini bellemek baradaky karara gol çekdi. Karar esasynda Mary welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlyklygy wezipesine ...
BMG Türkmenistan bilen neşe serişdelerine garşy göreşde hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýär.
TurkmenPress 09 Ýanwar, 2008 10:50:00
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serideleri we jeneýatçylya garşy göreş baradaky uprawleniýesiniň ýerine ýetiriji direktory Antonio Maria Kosta paýtagt Aşgabada geldi. Kosta türkmen paýtagtyndaky iki günlük saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly ...
ABŞ Ilçihanasy wiza töleglerini gymmatlatdy
TurkmenPress 29 Dekabr, 2007 12:09:31
ABŞ Aşgabat Ilçihanasy wiza tölegleriniň 2008-nji ýylyň Tŭrkmenbaşy aýynyň 1-inden gymmatladylýandygyny habar berdi. Wiza töleginiň 100 ABŞ dollaryndan 131 dollara çenli ýokarlandyryljakdygy mälim edildi. Bu gymmatladylmanyň ABŞ Döwlet Departamenti tarapyndan ...
Merkezi Aziýada orslaryň sany barha azalýar.
TurkmenPress 01 Dekabr, 2007 11:13:00
Merkezi Aziyada yaşayan rus ilatynyn sanynyn barha azalyandygyny habar berilyär. Mundan 12 yyl ön sebitde 10 milliondan gowrak ors yaşayardy emma häzirki günde bu sanyn 5 milliona çenli azalandygy mälim ...
Matt Bryza: "Türkmen gazy ABŞ üçin möhümdir’’
TurkmenPress 17 Noýabr, 2007 11:08:00
Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirlen 7-nji Energiýa Arenasy Ýygnagynda çykyş eden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşary Işler Ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Matt Bryza tebigy serişdelere baý bolan ýurdumyz Türkmenistan bilen aragatnaşyklara ýene ...
Prezident Berdimuhamedov NATO-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
TurkmenPress 08 Noýabr, 2007 19:59:24
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýa iş saparynyň jemleýji gününde NATO-nyň Baş sekretary Ýaap de Sheffer bilen duşuşdy. Iri halkara guramasynyň Baş sekretary myhmany mähirli mübärekläp, türkmen döwletiniň baştutanyny NATO-nyň ştab-kwartirasynda kabul ...
Prezident Berdimuhamedow BMG- de çykyş etdi.
TurkmenPress 27 Sentýabr, 2007 19:06:43
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyş etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan ählumumy wekilçilikli ýygnaga ýüzlenip, BMG-niň hem-de Baş Assambleýanyň ...
Goranmak Ministri Mämmetgeldiýew Hytaýa gidýär.
TurkmenPress 22 Sentýabr, 2007 15:28:00
Goranmak Ministri Goşun Generaly Agageldi Mämmetgeldiýew Sanjar aýynyň 6-syna Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapar bilen gidýär. Prezident Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda bu döwlete gidýän General Agageldiýewiň delegasiýasynyň düzüminde uly ofiserler topary ...
Nazarbaýew Türkmenistan saparyny tamamlady.
TurkmenPress 13 Sentýabr, 2007 11:48:44
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň 2007-nji ýylyň Ruhnama (sentýabr) aýynyň 11-12-si aralygynda Türkmenistana resmi sapary boldy. Doly özara düşünişmek we dostluk ...
Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň işleýişinden nägile!
TurkmenPress 20 Awgust, 2007 15:18:43
Prezident Berdimuhamedow ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işini seljerdi. Ol bu babatda hem ençeme ýetmezçilikleriň bardygyny belledi. Radioda käbir halatlarda barlanyp görülmedik habarlar ulanylýar diýen Döwlet Baştutany käbir telewizion gepleşikleriň çeperçilik derejesi pes ...
ABŞ delegasiýasy Mara barýar.
TurkmenPress 15 Awgust, 2007 19:34:41
ABŞ-nyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Komissiýasynyň delegasiýasy tanyşmak üçin üç günlük sapar bilen Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtyna saparyň çäklerinde Komissiýanyň işgärleri -jenap Kaýl Endrýu Parker we hanym Şelli Held ...
Özbek lider Kerimow türkmen-hytaý gaz geçiriji marşrutyny doly goldaýar.
TurkmenPress 29 Iýul, 2007 03:49:30
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özbek hökümet delegasiýasyna baştutanlyk edip gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Norowy kabul etdi. Söhbetdeşler iki ýurduň ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçiliklerine, şeýle hem doganlyk ...
Aşgabatda BMG-niň prewentiw sebit merkezi döredilýär.
TurkmenPress 26 Iýul, 2007 17:38:00
Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça sebit merkezini döretmek baradaky karary bilen baglylykda Türkmenistanyň hem-de ...
Prokuror we kazylara adam hukuklary kursy berilýär.
TurkmenPress 22 Iýun, 2007 16:48:00
Adalat sistemyzda Halkara Adam Hukuklary standartlaryny aýratyn üns berilmegini amala aşyrmak üçin Türkmenbaşy şäherinde okuw-kurs tapgyrlary açyldy. Ýewropa Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky wekilçiliginiň Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň we ...
Maryly işewürler Sögütde boldylar.
TurkmenPress 09 Iýun, 2007 01:23:15
Mary welaýatynyň işewürleri Türkiýäniň Sögüt şäherini zyýarat etdiler. Osman döwletiň gurujusy Ärtugrul Gazy we ruhy goldawçysy Şyh Edebalynyň guburlaryny zyýarat eden Maryly işewürler bu ýerde ýagşy dilegler etdiler. Mälim bolşy ...
Serhet Goragy Gullugyna ABŞ-den goldaw
TurkmenPress 08 Iýun, 2007 19:06:26
ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugyna ýerinde tehniki taýdan hyzmat etmek üçin niýetlenen uly awtoulaglaryň 5-siniň gowşuryş dabarasyny geçirdi. Bu autouaglaryň her biri Türkmenistanyň bir welaýatyna berkidilip, serhetçileriň gündelik işlerini ...
Ýene iki sany asfalt zawody.
TurkmenPress 08 Iýun, 2007 04:50:37
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrliginiň “Maryýolgurluşyk” önümçilik birleşiginiň täze asfalt zawodynda ýokary hilli asfaltyň ilkinji tonnalary öndürildi. Ol Germaniýanyň “Wiskent” önüm öndüriji firmasynyň hünärmenleri tarapyndan Oguzhan etrabynyň Gulanly ...
Telewizor görmäň, semrärsiňiz!
TurkmenPress 04 Iýun, 2007 03:25:52
Telewizor ABŞ-de geçirlen barlagda ýene günäkär boldy. Çikago şäherinde ýerleşýän "Ys we Tagam barlag institutynyň" direktory dogtor Alan Hirşiň geçiren barlagyna görä , telewizor görüp otyrka naharlanýan adamlar has köp iýýärler. ...
Stiwen Mann Türkmenistan saparyny tamamlady.
TurkmenPress 04 Iýun, 2007 03:14:42
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Stiwen Mann 2007-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 30-yndan Oguz aýynyň 1-i aralygynda Türkmenistanda üç günlük sapar bilen boldy. Ol ...
Prezident Berdimuhammedowy Hytaýa çagyrdylar.
TurkmenPress 02 Iýun, 2007 03:12:00
Prezident Berdimuhammedow Hytaýyň Ösüş we Özgertmeler Döwlet Komitetiniň başlygynyň orunbasary Çen Deminiň ýolbaşçylygyndaky Hytaý delegasiýasyny kabul etdi. Delegasiýanyň düzüminde hytaý nebitgaz korporasiýalaryň ýolbaşçylary we Hytaýyň Türkmenistandaky adatdan daşary we ...
Gazagystana uçar gatnawy başlady.
TurkmenPress 26 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistan bilen Gazagystan döwletleri arasyndaky howa gatnawy täzeden açyldy. Soňky wagtlarda türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ädimlerinden biri hasaplanýan gatnawda Türkmenhowaýollarynyň uçary bügün ilkinji gezek Aşgabatdan Gazagystanyň Almata şäherine ugrady. ...
Azeri Daşary Işleri Türkmenistana gelyär.
TurkmenPress 23 Maý, 2007 04:00:00
Bu gün Azerbeýjanyň Daşary Işler Ministri Elmar Mämmedýarow paýtagtymyz Aşgabada resmi sapar bilen gelýär. Saparyň dowamynda Azeri Ministriň Türkmen tarapy bilen döwletara we sebitara hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirmegine garaşylýar. Gepleşikleriň ...
Ministrler kabinetinin mejlisi boldy.
TurkmenPress 22 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimühämmedow Ministrler Käbinetiniň ýygnagyny geçirdi. Ýygnakda döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselerelerine seredildi. Ýygnaga Ministrler, pudak ýolbaşçylary we welaýat häkimleri gatnaşdylar. Ýygnagyň başynda Prezident Berdimuhammedow oba-hojalyk pudagynda ...
Hazar denzinin gurşawy Bakuda ele alynyar.
TurkmenPress 21 Maý, 2007 04:00:00
Hazarýaka döwletleriniň Tebigaty Goramak Ministrleri Azerbeýjanyň paýtaýgty Bakuda duşuşýarlar. Hazar deňzinde soňky döwürlerde ekologiki hapaçylygyň köpelmegi sebäpli Bakuda Hazar deňziniň gurşawyny goramak babatyndaky konwensiýanyň ilkinji konferensiýasy geçirilýär. Magtymguly aýynyň ...
Pyragynyn gubruny zyyarat etdiler.
TurkmenPress 20 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistandan wekilçilik topar Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryny zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynda boldylar. Eýran türkmenleriniň ýaşaýan Gülüstan welaýatyna myhmançylyga baran wekilçilikli topar gadyr bilen garşylandy. Wekilçilikli ...
Kosmos ulgamynda türkmen hünarmenler tayyarlanylar.
TurkmenPress 15 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimühammedow türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny has hem ösdürmek maksady bilen Magtymguly aýynyň 28-29-na Gazagystana gidýär. Türkmen-gazak hyzmtadaşlygynyň esasy ugurlarynyň bu iş saparynda kesgitlener.Bu babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň yygnagynda çykyş ...
Ministrler Kabinetinde Türkmenbaşy sammitinin jemlerine garaldy.
TurkmenPress 15 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň ýygnagy geçirildi.Ýygnakda ýakyn wagtda Orsýediň Prezidenti Wladimir Putin we Gazagystanyň Döwlet Ýolbaşçysy Nursoltan Nazarbaýew bilen barlan ylalaşygyň netijeleri we döwlet durmuşyndaky meseleler ...
Futsal taryhymyzyn in agyr yenilişi.Gyrgyzistan-Türkmenistan:7-1
TurkmenPress 14 Maý, 2007 04:00:00
AFC Futsal Aziýa Çempionatyndaky 2-nji oynunda bügün Gyrgyzistan bilen duşuşan Futsal Milli Toparymyz taryhy bir ýeňilişe sezewar boldy. C gruppasynda duşuşan iki Merkezi Aziýa toparynyň oýny diýseň çalt başlady. ...
Aspirin yürek agyryly zenanlara kömek edenok.
TurkmenPress 13 Maý, 2007 04:00:00
Aspirin, ýürek agyryly adamlarda gan goýalmagy we damarlar dykylmagy ýaly kemçilikleriň öňüni almaga kömek edýär. Ýöne täze barlaglaryň netijesinde aspiriniň bu täsiri zenanlarda az bolýar diýen karara gelindi. Amerikanyň Birleşen ...
Mejlisde nebit-gaz pudagy ele alyndy.
TurkmenPress 09 Maý, 2007 04:00:00
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky ministrler käbinetiiň mejlisinde nebit-gaz pudagyndaky we beýleki ykdysady meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. Ministrleriň we pudak ýolbaşçylarynyň hem gatnaşan ýygnagynda ýurdymyzda şu ýylyň ilkinji çärýegindäki ...
Hazar denzinin suw itleri ölyär.
TurkmenPress 08 Maý, 2007 04:00:00
Hazar deňziniň demirgazygynda, Gazagystanyň Mangistau etrabynyň kenarynda öli tapylan suw itleriniň (morž) sany eýýäm 900 ýetip barýar. Ölen suw itleriniň köpüsi entek çaga we Nowruz aýýyndan bäri olaryň sany 885 ...
Weteranlarymyz Ministrler Kabinetinin yygnagyna myhman boldylar.
TurkmenPress 08 Maý, 2007 04:00:00
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýygnagy geçirildi. Ýygnaga ministrler, pudak ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu günki yygnagyň aýratyň sarpaly myhmanlary hem bardy.Bugünki ýygnaga Beýik ýenşiň 62-nji ýyllygy mynasybetli II ...
TDH-a täze orunbasar bellenildi.
TurkmenPress 06 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ýurdumuzyň esasy habar beriş serişdelerinden biri bolan Türkmen Döwlet Habar Beriş Gullugynda işleriň has takyk we döwrebap alnyp barylmagy üçin gullugyň başlygyna täze orunbasary bellemek baradaky ...
Türkmen Howayollary 15 yyllyk senesini gutlady.
TurkmenPress 05 Maý, 2007 04:00:00
Türkmen Milli Raýat Awiasiýasynyň döredilmegine 15 ýyl doldy. Türkmenhowaýollarynyň işgärleri bu senäni dabara bilen gutladylar. Dabaralaryň esasylaryndan biri hem paýtagtymyz Aşgabatdaky harbylar öýünde boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň Türkmen ...
Aliyew: Ermenistan Garabagda basyp alan 7 sebiti boşatjak.
TurkmenPress 04 Maý, 2007 04:00:00
Azerbeýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew dawa-jenjelli goňşulary Ermenistanyň Daglyk Garabagda basyp alan ýerleriniň bir bölegini boşatjakdygyny aýtdy. Daglyk Garabagly bosgunlar üçin Bakunyň golaýynda gurlan wagtlaýyn şäherçäniň açylyş dabarasynda çykyş eden ...
Täjikler familiyalaryndan ow-y ayyrdylar.
TurkmenPress 03 Maý, 2007 04:00:00
Täjiker atlaryny üýtgedýärler.Sowet zamanyndan we şol döwüriň kanunlaryndan daşlaşmak niýeti bilen, Täjigistanyň prezidenti öz adanyň "ow" goşulmasyny aýyrdy we adynyň Emomali Rahmon diýip tutulmagyny haýyş etdi. Mundan başga-da, Nowruz aýýyndan ...
Berdimuhammedow Gazak Premyer Ministri kabul etdi.
TurkmenPress 03 Maý, 2007 04:00:00
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow Gazagystanyň Premýer Ministri Karim Masimowowy Köşkde kabul etdi.äýň Ýurdumyzda ministrler, bank işgärleri şeýle hem gazak kompaniýalaryn başlyklaryndan ybarat delegasiýasy bilen iş saparynda bolan Gazak Premýer Ministr Masimow ...
Paytagtymyzyn täze binagärlik merjenleri.
TurkmenPress 03 Maý, 2007 04:00:00
Gün-günden gözelleşýän Aşgabat şäherini ýakyn geljekde ýene bir ajaýyp binagärlik ansambly – “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň täze edara jaýy we Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky “Türkmenhaly” muzeýiniň täze binasy ...
Oba hojalygymyzda özgerişlikler dowam edyär.
TurkmenPress 01 Maý, 2007 04:00:00
Türkmenistanyn suw hojalyk ministrligi Marydaky abatlayyş mehaniki kärhanasynyň hünärmenleri "Ahalsuwhojalyk" önümçilik birleşiginiň tabşyrmagy boyunça Yaponiyanyň "Kamahsus" firmasynyn buldozerleri üçin zynjyr düşeklerini möhletinden ön tayynladyrlar. Ahally mineratorlar üçin traktorlarynyn zynjyr ...
Altyn asyryn, altyn neşir önümleri
TurkmenPress 28 Aprel, 2007 04:00:00
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 16 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Watanymyzyň neşirýat ulgamynda we kagyz senagatyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri bilen halkara jemgiýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak, özara tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň gerimini ...
Hazaryaka gaz geçirijisi Ministrler Kabinetinin yygnagynda ele alyndy.
TurkmenPress 28 Aprel, 2007 04:00:00
Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň syýasy, sosial ykdysady durmuşynyň jemleri bilen baglanşykly meseleler girizildi. Yygnakda Gurbansoltan aýynyň netijeleri hasaba alyndy we Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowyň Orsýede iş sapary barada ...
Aşgabatda yerasty awtoduralga gurulyar.
TurkmenPress 27 Aprel, 2007 04:00:00
Aşgabat şäheriniň binagärlik şäher gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, türkmen halkynyň “Altyn asyrynda” ilatymyzyň ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek we durmuş ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak hem-de Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ...
Germaniya Merkezi Aziya Sebiti Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdüryär
TurkmenPress 27 Aprel, 2007 04:00:00
Germaniýanyň Daşkent ilçihanasyndan berlen metbugat beýanynda Lýuksemburgda geçirlen Ýewropa Bileleşigi Daşary Işler Ministrleri ýygnagynda Germaniýa tarapyndan taýýarlanyp hödürlenen Merkezi Aziýa Strategiýasy taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy mälim edildi. 2013-nji yyla çenli ...
Ministrler Kabinetinde Möhüm Meseleler Maslahatlaşyldy.
TurkmenPress 27 Aprel, 2007 04:00:00
Şu gün Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda, döwlet durmuşymyzdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Ministrler Kabinetiň ýygnagy geçirilýär. Ýygnagyň başynda Prezident Berdimuhammedow özüniň Russiýa geçiren iş saparynyň netijeleri barada ...
Iş Bazary Açyldy.
TurkmenPress 27 Aprel, 2007 04:00:00
“Aşgabat” seýilgähinde her çärýekde geçirilýän “Boş iş orunlarynyň ýarmarkasynda” paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna iş orunlarynyň 1500-e golaýy hödürlendi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlet we hususy kärhanalarynyň 100-den gowragy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ...
Milli Bilim Syyasatymyzda Täzeçe Çemeleşmeler Kesgitlenyär.
TurkmenPress 27 Aprel, 2007 04:00:00
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Milli Bilim syýasaty täze galkynyş ýolunda” ady bilen ylmy-amaly konfrensiýa geçirildi. Döwlet “Bilim” syýasatynyň jar edilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan maslahaty ýurdumyzyň Bilim ...
Berdimuhammedow Hindistanyn Ýlçisini Kabul Etdi.
TurkmenPress 27 Aprel, 2007 04:00:00
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow özüniň Türkmenistandaky diplomatiki işini tamamlaýan Hindistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ram Pal Kauşiki kabul etdi. Birek-birege ynanyşmak, açyk we düýpli pikir alyşmak üçin geçen duşuşygyň ...
Google Ýlkinji Gezek Ýn Köp Girlen Sahypa Boldy.
TurkmenPress 26 Aprel, 2007 04:00:00
Gözleg motory Google, geçen aý ilkinji gezek Microsoftyň saýtlaryny yzda galdyryp, iň köp zyýarat edilen internet sahypasy boldy. Google-iň saýtlarynyň arasynda ÝouTube wideo saýty bilen Google Mail hem bar. Barlag ...
Bedew Bayramçylygy Gutlanar.
TurkmenPress 26 Aprel, 2007 04:00:00
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetiň, syýasatyň we döwlet ösüşiniň beýleki ugurlarynda gazanylan ösüşlikler bilen birlikde ruhy galkynyş hem başdan geçirdi. Şunda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ...
Ak Şäherim Aşgabat Sergisi Açyldy.
TurkmenPress 25 Aprel, 2007 04:00:00
Türkmen döwletiniň ak mermer binalary bilen öwüşgin atýan paýtagty Aşgabatda "Ak Şäherim Aşgabat" halkara sergisi Aşgabatda açyldy. Garaşsyz döwletimiziň binýadyny guran Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary we türkmen halkymyzyň gujur-gaýratly işlemegi ...
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow Kremlede Wladimir Putin Bilen Duşuşyşdy.
TurkmenPress 24 Aprel, 2007 04:00:00
Şu gün Orsýedin paýtagty Moskwada Ýurdumyzyň prezident Berdimuhammedowyň Russiýa iş sapary çäklerinde ýokary derejedäki türkmen rus gepleşikleriniň ikinji tapgyry geçirildi. Dün duşuşyklaryň ilkinji tapgyry Orsýediň Prezidenti Wladimir Putiniň Moskwanyň ...
Türkiyede Prezidentlige Abdullah Gülin Kanditaturasy Hödürlendi.
TurkmenPress 24 Aprel, 2007 04:00:00
Türkiýäniň häzirki hökümedi AK Partiýa şu wagtky Daşary Ýşler Ministri Abdullah Güli ilkinji tapgyry Gurbansoltan aýynyň 27-sine geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna kandidat görkezdi. Ençeme aýdan bäri Türkiýede jedelleşilip gelinýän prezidentlik saýlawlaryna ...
Aşgabatda Hazaryn Statusyny Kesgitlemek Barada Konwensiya Geçirilyar.
TurkmenPress 24 Aprel, 2007 04:00:00
Bügün Paýtagtymyz Aşgabatda Hazar denizine araçak döwletleriň deňiziň hukuky statusy baradaky 21-nji könwensiýa ýygnagy geçirildi.Yygnaga deňize serhetyaka 5 döwletiň Daşary Ýşler Ministleriniň orunbasarlary gatnaşdy. Yygnagyň açylyşynda gürlän Türkmenistanyň Daşary Ýşler Ministri ...
Ukrainada Syyasy Krizis Dowam Edyär.
TurkmenPress 23 Aprel, 2007 04:00:00
Geçen aý prezident Wiktor Ýuşenkonyň Ukraina mejlisiniň güýjini ýatyrmagy sebäpli ýüze çykan syýasy krizis özara gepleşikler bilen çözülmek islenilýär. Baş kazyýete işi geçirlen bu döwletdäki syýasy krizisde, mejlisiň güýjüniň ýatyrylmagy ...
Paytagtda Yol Howpsyzlygy Konferensiyasy Geçirildi.
TurkmenPress 23 Aprel, 2007 04:00:00
Bügün paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ýol howpsuzlygy hepdesiniň açylyş konferensiýasy geçirildi. Dabaranyň guraýjysy Saglygy Goraýyş we Saklaýyş Ministirligi, ýurdumyzyň ähli pudaklaryndan Türkmenistanyň ýol howpsyzlygy we pajygalary bilen baglanşykly edaralary çagyrdy. ...
Welayatlarmyzdan Gysgaça
TurkmenPress 23 Aprel, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynyň kararlary we çözgütleri bilen ruhlanan ýurdumyzyň gallaçylary oňat hasyl kemala getirýärler. Orak möwsüminiň golaýlaşyp gelýän wagtynda kuwwatly galla kombaýnlarynyň täze tapgyrynyň gelmegi, olaryň şatlygyny has-da ...
Azerbeyjan ABŞ Saparyny Goybolsun Etdi.
TurkmenPress 22 Aprel, 2007 04:00:00
Goňşy döwletlerimizden Azerbeýjan, ABŞ Daşary Ýşler Ministrliginiň 2006-njy yl Adam Hukuklary Hasabatyndaky üýtgeşiklikler babatynda " ABŞ-niň bitaraplylygynyň şübheli derejä ýetendir" diýip bu döwlete geçirilmegi meýilnamalaşdyrylan resmi saparyny goýbolsuň edendiklerini beýän ...
Prezident Berdimuhammedow Oba Hojagylyna Ayratyn Üns Beryär.
TurkmenPress 22 Aprel, 2007 04:00:00
Daýhan birleşikleriniň işini täze şertlerde guramak, olaryň işleriniň netijelerini ýokarlandyrmak barada, Türkmenistanyň XX Halk maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de daýhan birleşikleri hakyndaky Türkmenistanyň kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti ...
Prezident Berdimuhammedow Gypjakda Sadaka Berdi.
TurkmenPress 22 Aprel, 2007 04:00:00
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň obasy Gypjakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow uly sadaka berdi. Sadakadan öň Döwlet Baştutany Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistany ilkinji esaslandyryjy we onuň ilkinji prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ...
Hytayly Wei 9 Yyllyk Ayalyny Yatdan Çykardy.
TurkmenPress 21 Aprel, 2007 04:00:00
Hytaýyň Henan welaýatynda motory bilen awariýa bolan Wei Guangýiň keselhana ýerleşdirilenden iki gün soňra hakydasy ýerine geldi. Wakadan iki gün soňra durmuşyndaky ähli zady täzeden ýatlan hytaýly, diňe 9 ýyllap ...
Yurdumyzda Neşe Serişdelerine Garşy Göreş Güyçlenyär.
TurkmenPress 20 Aprel, 2007 04:00:00
Soňky birnäçe aýyň dowamynda ýurdumyz Türkmenistanda neşe serişdelerine garşy düýpginli göreş alynyp barylýar. Türkmen ýaşlaryny zäherleýän bu ýigrenji serişdelere garşy göreşe, Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow aýratyň üns berýär. Ol, ...
Yewraziya Ykdysady Forumyna Türkmen Topary Gatnaşyar.
TurkmenPress 19 Aprel, 2007 04:00:00
Türkiyäniň Stambul şäherinde bu ýylyň Magtymguly aýynyň 2-si we 4-i aralygynda geçiriljek 10-njy Ýewraziýa Ykdysady Forumyna türkmen topary hem gatnaşjak. Ýewraziýa Ykdysady Forumyna Türkmenistanyň Sport we Syýahatçylyk Komitetiniň Başlygy Derýageldi ...
Sadakalar Berildi.
TurkmenPress 18 Aprel, 2007 04:00:00
Ýaňy ýakynda Änew şäherçesindäki Seýit Jemaleddin metjidinde welaýat häkimligi tarapyndan sadaka berildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, jemgiýetçilik guramalarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýaşulular gatnaşdylar. Sadakada hormatly Prezidentimiziň haj zyýaratyny kabul ...
Mukaddes Ruhnama Dünyanin Yaşlaryny Birleşdiryar
TurkmenPress 18 Aprel, 2007 04:00:00
Aşgabat, Gurbansoltan aýynyň 16-sy. Şol gün türkmen paýtagtynda "Mukaddes Ruhnamanyň bilim-terbiýe hazynasy we dünýä ýaşlary" atly Halkara maslahaty açyldy. Beýik Serdaryň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Halkara talyplar ...
Ari Rolandyn Jaz Topary Aşgabat, Türkmenbaşy we Daşoguz Şäherlerinde Çykyş Etmekçi
TurkmenPress 17 Aprel, 2007 04:00:00
Aşgabat, 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 17-si. Ertir ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň goldamagynda gelen dört sany Nýu-ýorkly jaz sazandalaryndan ybarat bolan Ari Rolandyň topary özleriniň üç ...
Maslahatlar Geçirildi
TurkmenPress 12 Aprel, 2007 04:00:00
Balkanabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň medeniýet müdirligi bilen bilelikde ýaşlar bilen geçirilen dabaraly maslahaty juda täsirli boldy. Balkanabatdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatrynda bolan bu ...
“Ruhnamaly Türkmen Biz”
TurkmenPress 10 Aprel, 2007 04:00:00
Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrap häkimligi bilen Köpetdag etrap häkimliginiň guramagynda Garajaoglan seýilgähinde “Ruhnamaly türkmen biz” atly ruhgüni dabarasy geçirildi. Iki etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ...
Mukaddes Ruhnama Hem-de Dünya Yaşlary
TurkmenPress 09 Aprel, 2007 04:00:00
Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milli taglymatymyz Mukaddes Ruhnamanyň dünýä möçberindäki abraýyny hem-de bütin adamzat, aýratyn hem talyp ýaşlar üçin ruhy terbiýe gymmatlyk ähmiýetini nazarda tutup, ...
Pelosi Palestin Lideri Bilen Duşuşdy.
TurkmenPress 07 Aprel, 2007 04:00:00
ABŞ-nyň wekiller palatasynyň mejlisiniň baştutany Nançy Pelosi Orta Gündogara saparynyň çäklerinde Palestina bardy. Pelosi günbatar Şeriýanyň Ramallah şäherinde ýurdyň baştutany Refik Hüseýiniň duşuşyk bilen baglanşykly beren maglumatyna görä, Abbs Pelosa ...
Täjigistan Orsyetden Getirilyän Guş Etine Gadaganlyk Girizdi
TurkmenPress 04 Aprel, 2007 04:00:00
Täjigistan ýurda Orsýetden, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Tailanddan, Eýrandan we Päkistandan getirilýän guş etine wagtlaýynça gadaganlyk girizdi. Bu barada ýurdyň baş weterinar lukmany Mullojon Amirbekow metbugatda habar berdi. "Muňa ady tutulan ...
Türkmen hünärmenleri daşary yurtlaryn oba hojalyk maşyngurluşyk zawodlaryna baryp görerler
TurkmenPress 30 Mart, 2007 04:00:00
"Türkmenobahyzmat" assosiýasiýasynyň başlygy Ş.Täjow we "Ahalobahyzmat" paýdarlar jemgiýetiniň Kaka etrap "Obahyzmat" önümçilik birleşiginiň abatlaýyş ussahanasynyň müdüri H.Nepesow 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 11-inden 22-si aralygynda "Case New Holland" kompaniýasynyň çakylygy boýunça ...
Türkmenistanyn Prezidenti Abdul Aziz Ibrahim Al Gadiri kabul etdi
TurkmenPress 30 Mart, 2007 04:00:00
Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Aziz Ibrahim Al Gadiri kabul etdi. Diplomat türkmen döwletiniň Baştutanyny mübärekläp, oňa ...
Yurdumyzdan
TurkmenPress 26 Mart, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň buýrugy bilen, berilýän maglumatlaryň ygtybarlylygyny we seljerilmegini ýeterlik derejede üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň directory Mommadow Kakamyrat Saparmyradowiçe käýinç yglan etdi.Täze ...
Ruhnama Barada Ylmy Maslahat Geçiriljek
TurkmenPress 26 Mart, 2007 04:00:00
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini esaslandyryjy we onuň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň 6 ýyllyk şanly baýramyny halkara derejesinde dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. ...
Beden-terbiye Sapaklary Girizilyär.
TurkmenPress 25 Mart, 2007 05:00:00
Ýurdumyzda 2007-2008-nji täze okuw ýylynda orta mekdeplerde beden-tebiýe sapaklarynyň girizilmegi üçin taýýarlyklar başladý.Beden-terbiýe sapaklarynyň täze okuw ýylyndaky tertibi barada Bilim Ministrliginiň okuw-metodika geňeşi, Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk Ýnstitutynyň ...
Päkistan Milli Bayramyny Belledi.
TurkmenPress 24 Mart, 2007 04:00:00
Päkistan Yslam Respublikasy milli baýramyny – Päkistanyň Güni baýramy giňden belledi. Şanly baýramçylyk mynasybetli bu ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasy paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynda dabara geçirdi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ...
Türkmen-Gruzin Gatnaşygynda Täze Sahypa Açyldy.
TurkmenPress 23 Mart, 2007 04:00:00
Gruziýanyň Premýer Ministri Zurab Nogaideliniň baştutablygyndaky delegasiýa iki günlük resmi sapar bilen paýtagtymyz Aşgabada geldi.. Örsýet bilen aragatnyşygynda soňky wagtlarda tebigy gaz meseleşi sebäpli näsazlyklar bolan grüzinleriň, Prezident Berdimühämmedow ...
Prezident Berdimuhammedow Gazak Ministri Kabul Etdi.
TurkmenPress 23 Mart, 2007 04:00:00
Soňky günlerde paýtagtymyz Aşgabada daşary ýurt döwletlerinden ýokary derejeli işgärleriň, ministrleriň şeýle hem kompaniýa ýolbaşçylarynyň biri gelip, beýlekisi gidýär.Ýurdumyza gelen myhmanlaryň Prezident Berdimuhammedow bilen söhbetdeşliginiň esasy mowzugy ilki bilen ...
Türkmenistanda Möhüm Ýnternet Taslamasy Amala Aşyrylyar.
TurkmenPress 23 Mart, 2007 04:00:00
Ýakynda Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhammedow NATO-nyň hususy wekili Robert Simmonsy kabul edipdi.Taraplaryň söhbetdeşliginde NATO bilen Türkmenistanyň arkalaşygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Howpsyzlyk, terrorçylyga we narkotika garşy göreş ýaly mowzuklarda pikir ...
Yurdumyzdan Gysgaça
TurkmenPress 23 Mart, 2007 04:00:00
Mukaddes käbämiz biziň bilen Ýola goýulan asylly däbe görä, aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň münlerçesi çäksiz ene söýgüsiniň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň nyşanyna öwrülen belent ýädygärlige gül desselerini goýmak üçin Ene mähri ...
Saylawlar Baradaky Kanunymyza Üytgetmeler Girizildi.
TurkmenPress 23 Mart, 2007 04:00:00
Ýurdumyzda saýlawlary we sala salşyklary geçirýän merkezi topar baradaky kanuna käbir üýtgetmeler we goşmaçalar girzildi.Mejlisimiz tarapyndan bu kanun ilki bilen 1999-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 30-ynda kabul edilipdi.Soňky üýtgetmelere göra saýlawlar ...
Eyranly Türkmenler Prezidentimizi Gutladylar.
TurkmenPress 22 Mart, 2007 04:00:00
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň adyna Eýran Yslam Respublikasynda ýaşaýan türkmenlerden hat gelip gowuşdy. Dostlykly goňşy ýurtda ýaşaýan watandaşlarymyzyň adyndan edebiýat we sungat işgärleri, söwda we telekeçilik pudaklarynyň wekilleri türkmen döwletiniň ...
Merkezi Aziya Gazy üçin Täze Çykalga
TurkmenPress 22 Mart, 2007 04:00:00
Sebitdäki döwletleriň tebigy gaz we nebit ýaly möhüm energiýa baýlyklaryny Owganystan-Päkistan üstünden geçiriljek täze bir geçiriji liniýa arkaly dünýa bazaryna çykaryp biljekdigi aýdylýar.Günbatara alternatiw geçiriji liniýa köpden bäri ara ...
Lawrow Beyik Saparmyrat Türkmenbaşyny Tassyklady.
TurkmenPress 22 Mart, 2007 04:00:00
Orsýediň Daşary işler Ministri Sergeý Lawrow,Sowet Soýuzy darganyndan soňra gurlan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň ähmiýetli, täsirli bir syýasy bir gurama bolmagy başaryp bilmändigini kabul etdi.Orsýediň Dumasynda deputatlara Orsýediň daşary ýurt ...
Binalarymyzyn Hiline Ayratyn Gözegçilik Ediljek.
TurkmenPress 22 Mart, 2007 04:00:00
Türkmenistan gurluşyk işlerini alyp barýan we geljekde-de bu babatda işlejek daşary ýurt kompaniýalary we firmalarynyň türkmen halkynyň ykdysady we medeni taýdan ösmegine ýardam berjek binalaryň gurulmagynda mundan beýläk has ...
Orsyet Eyrandaky Ylmy Işgärlerini Yzyna Çagyrdy.
TurkmenPress 21 Mart, 2007 04:00:00
Orsýediň,goňşymyz Eýran-daky ýadro santralyndaky ylmy işgärlerini yzyna çagyrmak barada karary alandygy habar berildi. Eýranyň Buşehr ýadro santralyndaky ors ylmy işgärleriniň aglabasyny ýurduna dolanyp barandygy Ýewropaly we ABŞ-li diplomatlar tarapyndan beýan ...
Paytagtymyzda Bayramçylyk Şowhuny
TurkmenPress 21 Mart, 2007 04:00:00
Baýramçylygyň ilkinji gününiň dabaralanmagy paýtagtymyzyň seýilgählerinde we dabara geçirilýän ýerleriniň ählisinde ýokary ruhybelentlik, şatlyk-şowhun dowam etdi. Aşgabat şäheriniň "Gülli" seýilgähinde baýramçylyk mynasybetli "Nowruz geldi ülkäme" atly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly ...
Bahar Bayramynyz Gutly Bolsun.
TurkmenPress 20 Mart, 2007 04:00:00
Bu gün abadan ilimizde ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryndan dörän ýaşaýşyň we gözelligiň baky dabaralanýandygyny jar edýän milli bahar baýramy geldi. Ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyrynyň rowaçlanýan günlerine gabat gelen baýramçylyk paýtagtymyz Aşgabatda ...
Mugallymalarymyzyn Bahar Bayramyny Gutladyk.
TurkmenPress 20 Mart, 2007 04:00:00
şu gün paýtagtymyz Aşgabatda bilim pudagynda işleýän aýal-gyzlarmyz, Bahar baýramçylygy mynasybetli guralan forumda duşuşdylar.Bu dabaraly çäre, Türkmenistanyň Bilim Ministligi bilen Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň bilelikdäki çäresi hökmünde geçirildi.Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň geljegi ...
Orsyetdäki Garrylar Öyü Yangynynda 63 Adam Öldü.
TurkmenPress 20 Mart, 2007 04:00:00
Orsýediň günortasyndaky Kuban sebtinde ýerleşýän garrylar öýüniň ýanmagy bilen 63 adam öldü. Ýnterfaks habar beriş serişdesine maglumat beren jogapkär işgarler, 93 garrynyň ýaşaýan garrylar öýünde 63 adamyň pajygaly ýagdaýda ýanyp ...
Prezident Berdimuhammedowdan Halkymyza Gyzgyn Gutlag
TurkmenPress 20 Mart, 2007 04:00:00
Bu gün Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanymyzda milli bahar baýramymyz şatlyk-şagalaň we şowhun bilen gutlanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde diýsen dabaraly ýagdaýda geçirilýän milli baýramymyzyň Türkmen aýal-gyzlary üçin bolsa aýratyň bir ähmiýeti ...
Ministrler Kabinetinin Yygnagy Boldy.
TurkmenPress 19 Mart, 2007 04:00:00
Bugün Prezident Berdimuhammedowyň ýolbaşçyllygynda ýygnanan ministrler kabinetinin agzalary döwlet durmuşyndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnagyn dowamynda Hökümet Baştutanynyň orunbasarlary ýurdumyzda soňky wagtlarda bolup geçýän ykdysady we durmuşy taydan özgerişlikler barada ...



|
| 






















































































