Bölümler
Arhiw
| D | S | Ç | P | A | Ş | Ý | |||||||
|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
| 1 | 2 | 3 | |||||||||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | |||||||
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 | |||||||
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 | |||||||
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 | |||||||
Ýokary okuw jaýlaryna alynjak talyplaryň kwotasy belli boldy.
TurkmenPress 24 Iýun, 2008 14:35:30 | 525 gezek okaldy
Iň köp okalan
Bu ýazgyny haladyňyzmy?
( 7 ses)
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryna girjek talyplaryň synaglary gün tertibine alyndy. Ilki bilen Bilim Ministri M. Annaamanow bu ýylky synaglara kabul edişlige taýýarlyk barada hasabat berdi. Ministriň hasabatyna görä häzirki günde ýokary okuw mekdeplerinde 13 800 orta hünärmen mekdeplerde bolsa 3900 talyp bilim alýar. Annaamanow hasabatynda şu ýyl 667 talybyň ýokary okuw jaýlaryny üstünlikoi tamamlandyklaryny habar berdi. Ýygnagyň esasy mowzugy bolsa şu ýylky synaglaryň netijesinde ýokary okuw jaýlaryna kabul edilşik boldy. Bu ýyl ýokary okuw jaýlaryna 4000 talyp kabul edilip bu sanyň geçen ýyla görä 385 adam köpeldilendigi mälim edildi. Orta hünärmen mekdeplerine bolsa 1716 adam kabul ediler.Magtymguly Uniwersitetine bu ýyl 635 talyp kabul ediler. Täze döredilen Halkara Gatnaşyklary Institutyna bolsa 60 talyp alynar. Şeýle hem ýokary okuw jaýlarynda koreý dili, italýan dili, ispan dili, halkara žurnalistika, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, dünýä maliýe bazary we halkara ykdysady gatnaşyklar ýaly ençeme täze bölümler açyldy.



|
| 






