Giňişleýin

Bölümler

Arhiw

D S Ç P A Ş Ý
123
45678910
11121314151617
18192021222324
25262728293031

Aşgabat narkotika garşy göreş maslahatyna öý eýeçiligi edýär.

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Bu ýazgyny haladyňyzmy?

( 5 ses)
Ýazgy ululygy: Kiçelt Ulalt
Aşgabat narkotika garşy göreş maslahatyna öý eýeçiligi edýär.    Hazarýaka döwletleriniň we halkara guramalarynyň gatnaşmagy bilen deňiz menzillerinde neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmagyň meseleleri boýunça birinji halkara maslahat öz işine başlady.  Pariž paktynyň başlangyjy bilen geçirilýän we Türkmenistanyň Neşelere garşy göreş alyp barmak baradaky döwlet gullugy tarapyndan guralan foruma BMG-niň Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň (UNODC) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Hazarýaka sebitiň ähli bäş döwletleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Maslahata gatnaşýanlaryň arasynda Bütindünýä Gümrük guramasynyň (WSO), Halkara Migrasiýa Guramasynyň (IOM), ÝHHG-niň, Merkezi Aziýa sebit maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC), BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky Maksatnamasynyň (UNEP) wekilleri bar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň we harby düzümleriniň, birnäçe gyzyklanýan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, şeýle hem Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatiki missiýalaryň we iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary we žurnalistler bar.   Maslahata gutlaga haty iberen Döwlet Baştutany Berdimuhamedow «Häzirki döwürde dünýä boýunça neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş iň çylşyrymly we kynlyk bilen çözülýän meseleleriň biridir. Her bir ýurda we tutuş dünýä bileleşigine howp salyp, bütin dünýä wehimine öwrülen neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy diňe ähli ýurtlaryň we halkara guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen netijeli göreşip bolar. Merkezi Aziýa sebitiň ähli döwletleri ýaly, Türkmenistan hem bu bela garşy berk we barlyşyksyz göreşmegi öz syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi we öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýär». diýip, ýüzlenmesinde nygtaýar.  UNODC-yň ýolbaşçysy Antonio Mario Kostanyň adyndan BMG-niň Merkezi Aziýadaky bu düzüminiň ofisiniň sebit wekili Jeýms Kallahan aktiw pozisiýasy we Pariž paktynyň başlangyjyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda serhet gözegçiligini pugtalandyrmak, narkotrafige, guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy göreşmek üçin hukuk we institusion çäklendirmeleri döretmek, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, mälim bolşy ýaly, 2003-nji ýylyň Magtymguly aýynda kabul edilen Pariž paktynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Neşekeşlige garşy göreş alyp barmak boýunça döwlet utgaşdyryjy komissiýasynyň we şu ýylyň başynda döredilen Türkmenistanyň Neşelere garşy göreş alyp barmak boýunça döwlet gullugynyň orny aýratyn nygtaldy, olaryň esasy wezipesi bolsa neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmakdyr, bu babatda jenaýatlary ýüze çykarmakdyr, öňünden duýdurmakdyr we olaryň üstüni açmakdyr.  Türkmenistan bu babatda ähli halkara ylalaşyklarynyň işeňňir gatnaşyjysy bolmak bilen 1996-njy ýylda neşeleriň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak boýunça BMG-niň halkara konwensiýalarynyň üçüsine goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek we neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnama durmuşa geçirilýär, onuň çäklerinde uly öňüni alyş işleri alnyp barylýar. Şol işe hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda saglygy goraýyş, bilim edaralary, umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary çekildi. Ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralary ýowuz ýagynyň soňuna çykmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreleri geçirýärler. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portuny Konteýnerlere gözegçilik etmek baradaky maksatnama goşmak meselesi ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn temasy boldy, şol maksatnama bolsa dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, hususan-da, Päkistanda, Ekwadorda, Ganada, Senegalda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan beýläk-de şu maksatlar bilen birnäçe konsultasiýalary we gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.  Maslahata gatnaşyjylar bilelikdäki işi dowam etdirmegiň örän möhümdigini belläp, neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň öňünde duran wezipeleri çözmek üçin hyzmatdaşlygyň potensialyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

 



  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Teswir ýaz comment Teswirler (3 sany)

  • Ýazan Ayy, 28 Iýul, 2008 23:33:09
    Turkmenistanda neshe problemasy in esasy meselelerin biri bolup durmaly, sebabi bu halkyn saglygna we gelejek nesilne howup doredyar. Bunun uchin Turkmenistana Owganistandan, Eyrandan we beyleki gonshy dowletlerden gelyan yuklernin barlayysh ishlerni has guychli alyp barmaly, onun uchin dowlet tarapyndan sonky derejeli kontenerleri skaner enjamlarny satyn almaly, Dowletra seminarlarny gechirmeli, dowletara informasia alyshmaly we nesha garshy goresh peredachalarny alyp barmaly. Turkmenler oz chagalarnyn gelejegni GORAMALY. image
  • Ýazan asir, 29 Iýun, 2008 23:52:54
    gaty govy her ay otlamaly image
  • Ýazan sapar, 28 Iýun, 2008 00:02:57
    adamlara ziyan beryen neseleri dubunden yok etmely her ay ele salinan neselery halka gorkezip yakmaly nese serisdelerini satyanlary hem televizorda halka gorkezip masgara etmeli ceza bermely men su habara oren begendim .nese serisdesinden birnece adamlarin masgalasy dargady kimler ozuni asip oldurdu umuman 16 yilin icinde uly girgincilik boldy goy mundan beylek halkimiz govy ve bay yasasin gulup gezsin alyan ayliklary hem 600$ yetsin isallah image
TurkmenPress 2007