Bölümler
Arhiw
| D | S | Ç | P | A | Ş | Ý | |||||||
|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
| 1 | 2 | 3 | |||||||||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | |||||||
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 | |||||||
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 | |||||||
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 | |||||||
Dünýäniň iň beýik baýdak sütüni Türkmenistanda
Iň köp okalan
Bu ýazgyny haladyňyzmy?
Dünýäniň iň beýik baýdak sütüni paýtagtymyz Aşgabatda dikildi. Türk Polimeks firmasy tarapyndan Arçabil ýolunda ýerleşýän Milli Muzeýiň öňündäki meýdançada dikilen sütüniň beýikligi 133 metre barabar bolup sütün dünýäniň iň beýik baydak sütüni hökmünde Ginnes rekordlar kitabyna ýazyldy. Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen bu beýik diňde 420 kilo agyrlygyndaky 52.5 metr uzunlygy we 35 metr giňişligi bolan äpet baýdak al-asmana galdy. Bu dabar Ginness rekordlarynyň ýise-prezidenti Graig Glenday hem şaýatlyk etdi. Glenday bu sütüniň dünýämiň iň beýik baýdak sütünidigini tassyklaýan we ykrar edýän sertifikaty hem gowşurdy. Kitabyň geljek sanynda bu sütüniň suraty we maglumatlarynyň çap ediljekdigi mälim edildi. Bu sütün ençeme bölekler şeklinde Polimeks firmasy tarapyndan Dubaide yasadylyp birnäçe maşyn bilen ýurdumyza daşaldy.
Şu çaka çenli dünýäniň iň beýik baýdak sütüni hökmünde Iordaniýadaky 126 metr beýikligindäki sütün hasaplanýardy.
Mälim bolşy ýaly 2001-nji ýylda türkmen gelin-gyzlarynyz elleri bilen dokan 301 inedördül Altyn Asyr halysy hem dünýäniň iň uly halysy hökmünde Ginness rekordlar kitabyna giripdi.
Teswir ýaz
Teswirler (5 sany)
-
Ýazan maksuda, 28 Iýul, 2008 22:05:21yazmana baska bisey yokmu
-
Ýazan Batyok, 05 Iýul, 2008 14:40:17
-
Ýazan Toyly, 02 Iýul, 2008 19:14:58



|
| 






