Bölümler
Arhiw
| D | S | Ç | P | A | Ş | Ý | |||||||
|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
| 1 | 2 | 3 | |||||||||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | |||||||
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 | |||||||
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 | |||||||
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 | |||||||
Gazprom has köp türkmen gazy satyn almak islýär/.
Iň köp okalan
Bu ýazgyny haladyňyzmy?
Prezident Gurbanguly Berdmuhamedow tarapyndan kabul edilen ors energiýa giganty Gazpromyň başlygy Alekseý Miller satyn alynýan türkmen tebigy gazynyň möçberini köpeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.
Prezident Köşkünde bolan duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltemegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Pudakda geljekki meýilnamalar barada pikir alşan taraplar tebigy gaz babatynda 2028-nji ýyla çenli tebygy gaz ylalaşygy esasynda biýun alynan borçnamalara ygrarlydyklaryny belledilar.
Duşuşygyň barşynda Gazprom ýolbaşçysy Miller rus tarapynyň satyn alýan türkmen tebigy gazlarynyň mukdaryny has hem köpeltmäge taýýardyjklaryny mälim etdi.
Prezident Berdimuhamedow hem ýangyç-energetika sektoryndaky diwersifikasiýalaşdyrmak prinsiplerinde gurulýän hrm-de dünýä energetika bazarynyň konýunkturasyndan ugur alýan hyzmatdaşlyk boýunça ýurdumyzyň pozisiýasyny aýdyňlaşdyryp şunda Gazprom açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň esasy strategiki hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.
Taraplar Hazarýaka gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizlendirmek meselelerini şeýle häzirki günde ulanylýan Merkezi Aziýa Merkez-III tebigy gaz liniýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda Hazarýaka gaz geçirijisiniň hyzmatdaş ýurtlara ýagny gazy uly möçberde eksport edýän döwletlere Ýewropa bazaryna çykmaga has giň ýol açjakdygy hem-de Hazar sebtiniň nebigaz infrastrukturasyny ösdürjekdigi bellenip geçildi.
Täze guruljak Hazarýaka gaz geçirijisiniň 290 km-lik bölegi Türkmenistanyň geçip bu liniýa arkaly ýylda 20 milliard türkmen gazynyň eksport edilmegi maksat edinilýär.
Türkmenistan 2008-nji ýylda 52 milliard tebigy gazy Russiýa eksport etmegi meýilleşdirýär. Russiýa iberilýän tebigy gazyň müň kub metri ýylyň ilkinji ýarymynda 130 dollardan satylyp ikinji ýarymynda bolsa 150 dollardan satylýär. Gazprom geçen günlerde 2009-njy ýyldan başlap türkmen tebigy gazyny dünýä bazarynyň nyrhyndan aljakdygyny mälim edipdi.
Teswir ýaz
Teswirler (2 sany)
-
Ýazan Toyly, 12 Iýul, 2008 18:24:28Gija galan derwayis teklip. Gazy- nebiti özümiz çykaryp özümiz satmaly .Has köp tejribeli, edermen hünarmen yetişmeli. Türkmen halky has gowy şertlerde yaşamaly ahyry. Köpsalam
-
Ýazan ajdarha, 03 Iýul, 2008 00:54:15menin pikirimce eger 2009 yildan baslap rusya tebigi gazy dunya bazarinin nirhindan alsa oren govi hem biz bayaris hem rusya rusya bize yakin dovlet hem 75 yilik birligimiz bar islen su vagit rusya gidip islep bilyer emma europa yurtlarina gitmek oren kyn vize berenoklar bu diymek olarin bayligy bize peyda berenok sonun ucunem uzagy pikir etsen her tarapdanam rusya bize yakin su gazdan nukler power doredyerler gaz veya tok gucu bolmasa kop zat edip bolonok sonun ucunem ilki biz ve gonsy dovletler ve rusya bayasa govy bormika diyerin ,bu menin pikirim.



|
| 






