Bölümler
Arhiw
| D | S | Ç | P | A | Ş | Ý | |||||||
|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
| 1 | 2 | 3 | |||||||||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | |||||||
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 | |||||||
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 | |||||||
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 | |||||||
Welaýatlar arasynda uçar gatnawy başlady.
TurkmenPress 03 Iýul, 2008 12:38:13 | 558 gezek okaldy
Iň köp okalan
Bu ýazgyny haladyňyzmy?
( 6 ses)
Türkmenhowaýollary döwlet milli gullugy ýakyn wagtda welaýatlaryň arasynda hem uçar gatnawlarynyň başlajakdygyny ýolagçylara habar berdi. Şu günki Türkmenistan gazetinde habar berlişine görä Iýul aýynyň 9-ndan başlap welaýatlar arasy yzgyderli gatnawlar başlaýar. Häzirki güne çenli diňe paýtagt Aşgabadyň üsti bilen beýleki welaýatlara gitmäge mümkinçiligi bolan raýatlarymyz indi Marydan Türkmenbaşa Türkmenabatdan Daşoguza we Türkmenbaşy şaherlerine gidip gelip bilerler. Türkmenabatdan uçýan raýatlarymyz hepdäniň diňe Ýekşenbe güni 11.10-da uçup 1 sagat 35 minut soňra ýagny 12.45-de Türkmenbaşy şäherine gonarlar. Şol bir uçar 13.45-de Türkmenbaşydan Türkmenabada ugrap 15.20-de hem gonarlar. Türkmenabatdan Daşoguza bolsa gatnaw diňe hepdäniň Duşenbe günleri bolar. Türkmenabatdan 19.00-da uçar uçar 19.55-de Daşoguza barýar. Şol bir uçar 20.55 de bolsa Türkmenabada uçar. Türkmenbaşy Mary aralygyndaky gatnaw bolsa hepdäniň Anna günleri bolar. Anna güni 12.20-de Türkmenbaşy şäherinden asmana galan uçar 13.45-de Mary şäheriniň aeroportyna gonar. Marydan Türkmenbaşa gitjek ýolagçylar bolsa 14.45-de ýola çykyp 16.10-da Hazar ýaka şäherimize bararlar.
Teswir ýaz
Teswirler (2 sany)
-
Ýazan serdar nurmedov, 03 Iýul, 2008 23:43:44bah, men onda dashoguzdan merdanlara yagny mara gidip biljek dal de entak ha.. ay ol ha bolmandyr :) turkmenistanda internetten bilet alyp, online check-in ettirip, samolyoda minmek hemmamşize nesip etsin inşalla



|
| 






