Bölümler
Arhiw
| D | S | Ç | P | A | Ş | Ý | |||||||
|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
| 1 | 2 | 3 | |||||||||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 | |||||||
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 | |||||||
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 | |||||||
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 | |||||||
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Tatar-inform» habarlar agentligine interwýusy
Iň köp okalan
Bu ýazgyny haladyňyzmy?
—Tatarystana sapar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyndaky täze tapgyra badalga berýär. Siziň pikiriňizçe, bu sapar däbe öwrülen türkmen-rus hyzmatdaşlygyna nähili goşant goşar?
—Meniň pikirimçe, biz taryhda täze sahypa açyldy diýip ynamly aýdyp bileris. Russiýa beýik ýurt, ol etniki taýdan köpdürlüligi bilen, senagat, ylmy we medeni potensialynyň ägirt uly diapazony bilen haýran galdyrýar. Tatarystan Respublikasy şu jähtden ajaýyp mysal bolup durýar, muňa biz bu gün aýdyň göz ýetirdik. Russiýa Federasiýasynyň regionlary bilen gös-göni we amatly gatnaşyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Soňky döwürde Sankt-Peterburgdan, Astrahan we Swerdlowsk oblastlaryndan, galyberse-de, Tatarystandan wekilçilikli delegasiýalaryň birnäçesi Türkmenistanda boldy. Ine, biz jogap sapary bilen, hut Tatarystana geldik, biz oňa örän perspektiwaly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýarys, biz bilelikde hyzmatdaşlyk etmek arkaly baý tejribe topladyk.
Iň bärkisi, «KAMAZ» bilen hyzmatdaşlygy alyp göreliň. Bu meşhur markaly maşyn Türkmenistanyň milli we sebit derejesindäki uly gurluşyklarynyň ählisinde diýen ýaly ulanylýar.
«Tatneft» bilen hyzmatdaşlyk, şeýle hem gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça uly möçberli meýilnamalarymyz bar. Bularyň ählisiniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, bu gatnaşyklaryň dürli ugurly we gyzyklanma bildirilýän häsiýetde bolmagyna ýardam berjekdigine hem-de işjeňlik bilen ösdürilýän döwletara gepleşiginiň diapazonyny giňeltjekdigine söz ýok.
—Türkmen we tatar halklaryny taryhy we medeni bitewilik baglanyşdyrýar, onuň kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we Tatarystanyň häzirki döwrebap ösüşiniň barşynda nähili derejede özgerdiler?
—Biziň halklarymyzy ruhy köklere ygrarlylyk, taryhyň we diliň umumylygy, asyrlarboýy aýawly saklanyp, biziň günlerimize ýetirilen baý medeniýet baglanyşdyrýar. Bu gün biz muňa aýdyň göz ýetirdik.
Gumanitar ugurdaky gepleşikleriň, halklaryň medeni gatnaşyklarynyň bulary biri-birine has ýakynlaşdyryp, düşünişmegine ýardam bermek bilen, giň we netijeli döwletara gepleşigini ösdürmekde güýçli faktor bolup durýandygy hemmelere mälimdir.
Biz şu ugurda oňat netijeleri gazanýarys. Türkmen artistleriniň türki halklaryň «Nauruz» ýedinji Halkara teatr festiwalyna gatnaşmagy muňa mysal bolup biler, bu çäre Kazan şäheriniň esaslandyrylmagynyň 1000 ýyllygynyň baýramçylygyna gabatlanyp geçirildi. Tatar alymlary biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy forumlara işeňňir gatnaşýarlar. Köp halklar üçin türkmen taryhynyň we medeniýetiniň dünýäsine tarap ugur görkeziji bolup durýan mukaddes Ruhnamanyň birinji kitaby tatar dilinde neşir edildi. Hyzmatdaşlygyň şu ugry hakykatdan-da çäksizdir.
Sport babatda-da şeýle. Biz Aşgabatda ajaýyp Buzly köşgi gurduk, ýaşlar buzda typmak we hokkeý bilen höwesli meşgullanýarlar. Biz tatar hokkeýiniň gazanýan üstünliklerinden habarly, siziň trenerleriňizi we sportsmenleriňizi Türkmenistanda uly şatlyk bilen kabul ederis.
Häzirki wagtda türkmen opera sungaty täzeden dikeldiş döwrüni başdan geçirýär. Bütin dünýäde belli tatar opera mekdebiniň tejribesi biziň artistlerimiz üçin örän peýdaly bolar.
Başgaça aýdanymyzda, biz bu örän möhüm ähmiýetli ugurda giň we özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýar.
—Häzirki wagtda Türkmenistan ähli ugurlar boýunça reformalaryň we özgertmeleriň ýoly bilen barýan ýurt hökmünde tutuş dünýä bellidir. Siziň amala aşyrýan syýasatyňyzda haýsy ugurlar ileri tutulýar?
—Halkymyzyň abadançylygy, bagty, göwnejaý durmuşda ýaşamagy — Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurdyr. Biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz ýurtda amala aşyrylýan ähli reformalaryň we uly möçberli maksatnamalaryň esasy prinsipi bolup durýar. 2020-nji ýyla çenli döwürde welaýatlaryň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama anyk mysallaryň biridir. Diňe ilkinji döwürlerde döwlet bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine 4 milliard dollar möçberinde maýy goýumlaryny gönükdirdi. Türkmenistanyň täze ykdysady strategiýasynda sosial aspekt ilkinji hatara geçýär, şonda ýerlerde täze senagat önümçilikleriň, diýmek, täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda, batly tizlikleriň, senagatyň we ylmyň köp talap edýän ýokary tehnologiýalaryň güýçli depgin bilen ösýän asyrynda islendik ýurduň üstünlikli ösüşi ökde hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň oýlanyşykly çözülmegi bilen gös-göni baglydyr, Türkmenistan bilim ulgamynyň we ylmyň kämilleşdirmegini hem-de bularyň dünýä derejesine çykarylmagyny öz syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Milli saglygy goraýşyň ösdürilmegi we ýaşaýyş jaý syýasaty wajyp ähmiýetli ugurlar bolupdy we şeýle bolmagynda galýar, soňky ýyllarda şu ugurlarda uly üstünlikleri gazanmak başartdy. Daşary syýasy ugur barada aýdylanda bolsa, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ileri tutulýan ugurdyr, munuň özi türkmen halkynyň hem-de hyzmatdaşlyk edýän ähli döwletleriň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär.
—Ýewropadan Aziýa tarap barýan ýollaryň çatrygynda geografiýa taýdan örän amatly ýeri eýeleýän Türkmenistanda sebit üçin möhüm ähmiýetli uly möçberli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şolaryň haýsysynda Tatarystanyň uly industrial kärhanalarynyň we ylmy-tehniki merkezleriniň potensialyndan peýdalanyp bolar?
—Ýaňy belläp geçişiňiz ýaly, gadymy döwürlerde Gündogaryň we Günbataryň arasynda möhüm ähmiýetli tranzit düzüm bolan Türkmenistanyň üsti bilen, Beýik Ýüpek ýoly geçýärdi. Ençeme asyrlardan soň, biz bu haýran galdyryjy ýoly täzeden dikeldýäris, çünki häzirki wagtda bu ýol medeniýetleriň biri-biriniň üstüni ýetirmeginiň hem-de döwletleri we halklary biri-birine ýakynlaşdyrmagyň hatyrasyna tagallalary birikdirmegiň özboluşly simwolyna öwrüldi. Türkmenistan—Hytaý aralygyndaky täze gaz geçiriji Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki keşbini göz öňüne getirmäge ýardam berýär, bu günki gün şol gaz geçirijiniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Soňky bir ýyldan sähel gowrak wagtda Türkmenistan sebit ähmiýetli uly möçberli taslamalaryň başga-da birnäçesini öňe sürdi. Ýagny «Demirgazyk-Günorta» transmilli geçelge, Hazarýaka gaz geçirijisi, eýýäm ýakyn ýyllarda halkara ähmiýetli we örän oňaýly kurorta öwrüljek «Awaza» syýahatçylyk zolagy muňa mysal bolup biler. Elbetde, biz şu we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini iri halkara maliýe, ylmy we biznes-strukturalaryň, şol sanda öňdenbäri gatnaşyk edýän tatarystanly hyzmatdaşlarymyzyň giňden çekilmegi bilen baglanyşdyrýarys. Meniň pikirimçe, «Tatneft» we «KAMAZ» ýaly iri kompaniýalaryňyzyň potensialyny hem-de batly depginde ösýän türkmen bazarynyň yzygiderli ýagdaýda artýan isleglerini göz öňünde tutanyňda, däbe öwrülen, döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaşlyk uly perspektiwalara eýedir.
— Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlananyňyzdan soň, bilim ulgamyndaky reforma baradaky karar Siziň ilkinji ädimleriňiziň birine öwrüldi. Şonda halkara hyzmatdaşlygyna, hususan-da, Tatarystanyň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyga nähili ähmiýet berilýär?
— Men bilimiň adam jemgyýetini ösdürmegiň esasy ugry, ýagny döwletiň ykbalyny, onuň geljegini kesgitleýän faktor bolup durýandygyny gaýtalap aýdasym gelýär. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň öz taryhynyň täze pursatynda ýurtda sosial-ykdysady özgertmeler bilen birlikde bilim we ylym ulgamlarynda reformalaryň ýaýbaňlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Biz tutuş ýurt boýunça döwrebap okuw jaýlaryny gurup, okatmak prosesine has kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de bilim edaralaryny aragatnaşygyň has kämil serişdeleri bilen üpjün etmek arkaly, bilim ulgamyny intensiw ýagdaýda ösdürmek üçin köp işleri edýäris. Biziň bilim syýasatymyzyň esasy maksady ýurtda milli kadrlary taýýarlamagyň kämil sistemasyny döretmekden ybarat bolup durýar, olaryň taýýarlyk derejesi dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk geler. Şunuň bilen baglylykda, biz giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýäris. Häzirki wagtda halkara standartlarynyň derejesinde, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň meşhur okuw jaýlarynda bilim almak we hünär öwrenmek üçin türkmen ýaşlaryna oňaýly mümkinçilik döredildi. Biz dürli ýurtlaryň okuw we ylmy merkezleriniň arasyndaky gös-göni gatnaşyklaryň ösdürilmegini, bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegini we maglumatlaryň alşylmagyny hemmetaraplaýyn höweslendirýäris. Biz Tatarystanyň uniwersitetleri bilen şeýle hyzmatdaşlygy ikelläp goldaýarys.
—Türkmenistanyň ägirt uly energetiki potensiala eýe bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Ýöne häzirki wagtda birinji derejeli dokma önümleri ýurduň ykdysadyýetiniň eksportunyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk nähili perspektiwalary açýar?
—Siz mamla, Türkmenistan uglewodorod çig malynyň global gorlaryna eýedir, onuň dünýäniň energetika döwleti hökmünde ykrar edilen statusy şonuň bilen şertlendirilendir. Ýangyç-energetika sektory milli ykdysadyýetiň esasy pudagydyr, şonda biz pudagyň ösüşiniň diwersifikasiýasyna, şonuň bilen birlikde türkmen ýangyjynyň eksport ýollarynyň diwersifikasiýasyna bil baglaýarys. Ýurtda çig mal çykarýan infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bir hatarda, gaýtadan işleýän döwrebap industriýa döredilýär, onuň önümlerine indi birnäçe ýylyň dowamynda dünýä bazarlarynda durnukly ýagdaýda uly isleg bildirilýär. Dokma senagatynyň önümleri barada aýdylanda bolsa, ony satyn alyjylaryň hem geografiýasy haýran galdyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda kämil enjamlar we öňdebaryjy, ekologiýa taýdan arassa, galyberse-de, diňe ýerli çig mal bilen işleýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman dokma önümçilikleriniň ulgamy döredildi. Başgaça aýdanyňda, bu günki gün gutarnykly sikliň degişli infrastrukturasy bolan kuwwatly industriýa eýediris.
Türkmenistan geljegine uly umyt baglanýan bu sferada daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen üstünlikli işleýär. ABŞ, Russiýa, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň birnäçesi biziň köp görnüşdäki önümlerimizi: pagta süýüminden we ýüplükden başlap, taýyn önümleri uly isleg bildirip satyn alýarlar. Şoňa görä-de, Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin örän giň mümkinçilikler döreýär. Mysal üçin, maňa mälim bolşuna görä, Türkmenistana saparlaryň barşynda Tatarystanyň delegasiýalarynyň wekilleri dürli pudaklaryň işgärleri üçin ýörite geýime uly isleg bildirdiler, bizde şol geýimleriň hem çykarylyşy oňat ýola goýlandyr.
Çeşme:TDH
Teswir ýaz
Teswirler (1 sany)
-
Ýazan Toyly , 03 Iýul, 2008 18:49:35İki doganlyk halkyn arasynda dostana gatnaşyklar hasam ösdürilmeli.Has köp haryt satmaly. Ykdysadiyetimiz ösmeli.Turist gelmeli bize ol yerden.Ay garaz sanasan sowaby bar.



|
| 






