Giňişleýin

Bölümler

Arhiw

D S Ç P A Ş Ý
123
45678910
11121314151617
18192021222324
25262728293031

Rus lider Medwedewiň Aşgabat sapary başlaýar.

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Bu ýazgyny haladyňyzmy?

( 4 ses)
Ýazgy ululygy: Kiçelt Ulalt
Rus lider Medwedewiň Aşgabat sapary başlaýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dimitriý Medwedew şugün iki günlük resmi sapar bilen paýtagt Aşgabada geldi.Geçen Mart aýyndaky prezident saýlaryndan ýeňiş bilen çykan rus lider Medwedew ilkinji daşary ýurt saparlaryndan birini Türkmenistana etmegi iki döwletiň gatnaşyklarynda täze döwrüň başlangyjy hasaplanýar.

 Medwedew bugün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Köşkde duşuşar. Taraplaryň iki halkyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we bilim ulgamlaryndaky meseleleri giňişleýin ele  almaklaryna garaşylýar. 

 Duşuşykda taraplar aýratyn hem ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk has-da ösdürmek baradky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

 Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda häzirki güne çenli 123 halkara resminama gol çekildi. 2008-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda iki döwletiň arasyndaky daşary söwda aýlanşygy 2.8 milliard dollardan gowrak boldy. Türkmenistanyň daşary söwda aýlanşygynda Russiýa eksport boýunça ilkinji orunda durýar. Importymyzda bolsa bu döwlet 2-nji orny eýeleýär. Türkmenistan Russiýa esasy bölegi ýangyç-energetika bolan dokma senagaty, oba hojalygy we himiki serişdeler eksport edýär. Russiýadan bolsa iýmit, tehnologiki enjamlar, ulag serişdeleri we metal önümleri gelýär. Häzirki günde ýurdumyzda rus kapitally 112 firma  iş alyp barýar. Bu kompaniýalaryň 80-den gowragy bolsa ýangyç-energetika pudaynda işleýär.

 Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem soňky 1 ýylyň dowamynda has hem giňeldilýär. Ýüzlerçe türkmen talyp Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda döwlet goldawy bilen bilim almaga başlady. Geljekde bolsa Russiýanyň Gubkin adyndaky nebit-gaz instititynyň Türkmenistan filialy açmak maksat edinilýär.



  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Teswir ýaz comment Teswirler (6 sany)

  • Ýazan murik, 08 Iýul, 2008 06:34:53
    RE:Toyly Oran dogry aytyan dostjan, hachan bizin yagny Turkmen firmalarimiz bolar, dowletler arasynda dalde firmalar arasynda contract bolsa has gowy bolar, dowletin zat alyp satmakdan has vajyp ishleri bar ahyryn... image
  • Ýazan sapar, 07 Iýul, 2008 23:03:13
    biz gazimizy rusya dunya nirhindan satmaly rusya 2009yilda dunya nirhindan aljakdiginy ayitdy .gaty govy .gelejkde turkmenistan russya kazakistan kirgizistan ozbekistan tacikistan .europa birligi yali birlik doretseler hasam govy bordy guclu borduk sagbilun image
  • Ýazan Görogly, 07 Iýul, 2008 19:14:31
    Türkmen Döwletinin dili Türkmen dilidir. Elipbiyem latyn elipbiyidir. Sonky günler ynanasymyz gelmese-de bularyn üytgediljekdigi hakda aydylyar. Yüregi Watan diyp uryan Türkmen oglynyn razy bolmajagy beyle özgertmeler inşallah yalandyr, diyp,umyt edyas. Yogsa şehitlerin gany yerde galar.Ginişleyin maglumat berseniz rahatlarys.Köp salam. image
  • Ýazan Tahir, 05 Iýul, 2008 16:30:15
    Nowestiniň ýazmagna göre her 1000 kubmeter Turkmen gazni 130 dollardan alýar. Ýöne Orsyýet bu gazi Ýewrop bolsa 350 dollardan satýar. Bu ýagdaýy indi üýdegemeli turkmenistan eger göni gazny satyp bilse bu gaty peýdaly bolardi. image
  • Ýazan Toyly, 04 Iýul, 2008 19:32:13
    Yangyç energetika pudagynda Türkmen firmalaryny artdyrmak ugrunda nameler edilyar? Bu babatda daşary yurtlara doly garaşsyz bolup bilmerismi? Biz indi öz-özümizi galkyndyrmaly dalmi?1 Köp salam. image
  • Ýazan Troy, 04 Iýul, 2008 18:02:54
    Öran gowy! image
TurkmenPress 2007