Giňişleýin

Bölümler

Arhiw

D S Ç P A Ş Ý
123
45678910
11121314151617
18192021222324
25262728293031

Türk Bilim Ministri türkmen talyplar bilen ayratyn gyzyklandy.

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Bu ýazgyny haladyňyzmy?

( 12 ses)
Ýazgy ululygy: Kiçelt Ulalt
 Türk Bilim Ministri türkmen talyplar bilen ayratyn gyzyklandy.

      Türkiýäniň Halkara Dil Bilimi Assosiýasy tarapyndan gurnalýan 5-nji Halkara Türkçe Olimpiadasynyň açylyş dabarasynda türkmen okuwçylar milli lybaslary we ýerine ýetiren eserleri bilen uly gyzyklanma döretdi. Jemi 100 döwletden 550 okuwçy halkara bäsleşige gatnaşyp, türkmen okuwçylarymyz hem olimpiadada Türkmen döwleti adyna ýeňiş gazanyp ilkinji orunlara mynasyp bolmak isleýärler. Açylyş dabarasyna Türkiýäniň Bilim Ministri Hüseýin Çelik we Türkmenistanyň Ankaradaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow bilen bilelikde köp sanda saýlama myhmanlar gatnaşdylar. Ministr Hüseýin Çelik we ilçi Amanmyradow olimpiada gatnaşýan türkmen okuwçylar bilen ýadygärlik suraty aldyrdylar.  Türkmen okuwçynyň Türk şahyr Nurullah Gençiň" Siýah gözlerine beni de götür"( Gara gözlerine meni hem al) şygyryny diýseň labyzly okamagy dabara gatnaşanlaryň örän göwnünden turdy.
 5-nji Halkara Türkçe Olimpiadasynyň saýlama tapgyrlary  Ankara şäherine 90 km uzaklykdaky Kyzyljahamam etrabynda Magtymguly aýynyň 25-ne başlady.  Ankara Anatolia Şowland  dabara merkezinde geçirjek ýarym finaldan soňra bolsa Olimpiadanyň finaly Oguz aýynyň 2-sine Stambul şäherindäki Stambul Gösteri Merkezinde geçiriljek.
Şeýle hem owadan diýarymyzy, halkymyzy, däp-dessurlarymyzy tagamlarymyzy we türkmen durmuşyny dünýä halklaryna tanatjak 5-nji Halkara Türkçe Olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ülke sergileri Stambul şäherindäki Feshane merkezinde gurnalar.



  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Teswir ýaz comment Teswirler (0 sany)

TurkmenPress 2007