Giňişleýin

Bölümler

Arhiw

D S Ç P A Ş Ý
123
45678910
11121314151617
18192021222324
25262728293031

Indoneziýanyň gurulmagynda iň uly faktor Yslam - [1]

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Bu ýazgyny haladyňyzmy?

( 11 ses)
Ýazgy ululygy: Kiçelt Ulalt
Indoneziýanyň gurulmagynda iň uly faktor Yslam - [1]

Indoneziýada Garaşsyzlyk Baýramy

Jakarta. 230 milýon halky bilen dünýäniň iň köp ilatly 4. döwleti Indoneziýa Alparslan aýynyň 17-sine bu ýyl garaşsyzlygynyň 62-nji ýylyny belledi.

Adamlar Garaşsyzlyk gününi bellemek üçin ak-gyzyl baýdaklar bilen bezelen köçelere doldular.

Paýtagt Jakarta’da Halk Köşgünde prezident Susilo Bambaň Ýudoýononyň hem gatnaşmagynda baýdak dabarasy bolup geçdi.

Şeýle dabaralar döwlet edaralarynda we mekdeplerde de amala aşyryldy.

Raýatlar öz mümkinçilikleri bilen hepdeler öňünden öz köçelerini we mähellelerini Garaşsyzlyk Baýramy üçin bezediler we 17 Alparslan çäreleri üçin taýýarlyk gördüler. Her mähellede geçirilen üýtgeşik sowgatly bäsleşiklerde iň kän çagalar hezil etdi.

Indoneziýanyň din adamlary parahatçylyk isleýär

Bu ýyl Indoneziýanyň Garaşsyzlyk Baýramy mübarek Anna gününe gabat gelmegi, göniden göni Juma namazyny okamana metjide toplanan jemagata berilen hutbalaryň gün tertibine hem täsirini ýetirdi. Ymamlar metjit kürsülerinde şehitleri ýatladylar we olaryň edermenlikleri üçin Rahmaty Soňsuzdan magfyrat dilediler. Ülkäniň reňkli mozaiki agzybirligi we jebisligi diňe Indoneziýa Respublikasynyň gurulmagynda edermen göreşen gahrymanlaryň şahsyýetlerinde birleşmek bilen boljakdygyny dile getiren metjid ymamlary, dünýäni mundan beýläk parahatçylyga çagyrdylar.

Hajy Abdurrahman ýaşuly hem şeýler din adamlaryndan biri. Özi 1973-nji ýyldan bäri Jakarta metropoliten sebitine bagly Depok şäherçesiniň meşhur Al – Barokah (Bereket) metjidinde ymamlyk edýär.

Hajy Abdurrahman: “Indoneziýanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilen 1945-nji ýylyň Alparslan aýynyň 17-si hem Juma gününe gabat gelipdi. Onda-da Mübärek Oraza aýydy. Rebbimize gaýtadan ýene bir Juma gününe gabat gelen Garaşsyzlyk gününi görmegi nesip edeni üçin şükredýärin,” diýýär.

“Indoneziýanyň Garaşsylygy diýmek has-da bu sebitdäki musulmanlaryň garaşsyzlygy diýmekdi. Zalym basybalyjy güýçler bu ýurtlaryň tebigy baýlyklaryna el atmak bilen çäklenmän, musulmanlaryň dini haklaryny, ybadatlaryny erkin berjaý etmeginiň öňüni ýapýardy.”

1929-njy ýylda ilkinji gezek Garaşsyzlygyny yglan eden Indoneziýanyň bu milliyetçi hereketleri basybalyjy Gollandiýa tarapyndan zor bilen basdyrylýar. Ikinji Jahan Urşunda Angliýa, Portugaliýa we Gollandiýanyň koloniýasy astyndaky topraklar ýapon goşunundan agyr zerbe aýlar we sebitdäki güýjüni ýitirýär. Bu pursatdan peýdalanyp gaýtadan ýygnanan Indoneziýa halky Sukarno we Muhammet Hattanyň ýolbaşçylygynda 1945-nji ýylda Indoneziýa Respublikasyny yglan edýär.

“Ýewropaly imperalistler döwründe adamyň gadry ýokdy. Köp kynçylyklara sezewar edilerdi. Şol sebäpli ülkämizi gurmak üçin söweşen şehitlerimizi ýat etmek biziň borjumuzdyr,” diýip belleýär Hajy Abdurrahman-aga.

dowamy



  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi

Teswir ýaz comment Teswirler (0 sany)

TurkmenPress 2007