Bölümler
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Türk Premýer Erdogan Türkmenistan saparyny ajy habar bilen tamamlady.
Hepde ahyrynda Paýtagt Aşgabada gelen Türkiýäniň Premýer Ministri Rejep Taýýip Ärdogan saparyny ajy habar bilen tamamlady. Türkiýeden gelen terrorçylyk wakasy habary sebäpli Mongoliýa saparyny goýbolsun edip Ankara giden Erdogan Türkmenistan saparynyň örän netijeli geçendigini aýtdy. Türk Premýeri saparynyň ilkinji gününde Daşary Işler Ministri Reşit Merdedow Aşgabat aeroportynda garşy aldy. Aeroportdan Prezident Köşke hereket eden Taýýip Erdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşdy.Döwlet Baştutany türk myhmany Prezident Köşgüniň dabaralar holunda garşylap, ony Mawy zala çagyrdy. Şol ýerde ikiçäk formatda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Rejep Taýip Ärdogany türkmen topragynda mübärekläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Prezident Berdimuhamedow ýola goýlan köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, şol gatnaşyklaryň esasynda iki halkyň ýakynlygynyň, taryhy we ruhy umumylygynyň durandygyny nygtady. Rejep Taýip Ärdogan mähirli garşylandygy we myhmansöýerligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýene-de ata-babalarynyň sahawatly topragynda bolýandygyna şatdygyny nygtady. Erdogan häzir Türkmenistan türkmen Lideriniň geçirýän progressiw reformalary netijesinde ýokary halkara abraýyna eýe boldy we rowaçlyk hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip aýtdy. Türkiýäniň Premýer-ministri Türkmenistanyň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň mähirli salamyny gowşuryp, iki ýurduň liderleriniň arasyndaky şahsy gatnaşyklar doganlyk halklaryň arasyndaky birek-birege ynanyşmagyň we düşünişmegiň ygtybarly kepili, söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm faktory bolup çykyş edýär diýip belledi.Prezident Berdimuhamedow, türkmen topragynda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasyna gatnaşýan türk kompaniýalarynyň onlarçasynyň goşandyna ýokary baha berdi. Hususan-da, türkiýeli işewürler dokma senagatynyň kemala gelmeginde we ösmeginde möhüm orun eýelediler. Häzir Türkmenistanyň dokma senagaty dünýä derejesine çykdy. Türkmen ykdysadyýetiniň beýleki käbir pudaklarynyň potensialyny artdyrmakda hem türk doganlarymyzyň uly hyzmaty bardyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Rejep Taýip Ärdogan Türkiýäniň işewürleriniň Türkmenistan bilen has ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şu jähtden Türkiýäniň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy beýan edildi. Taraplar bu pudakda konstruktiw gatnaşyklaryň uly tejribesine eýedir. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistan doganlyk ýurda elektrik energiýasyny iberýär. Türkiýe türkmen gazyny satyn almak isleýär. Rejep Taýip Ärdogan türkmen tebigy gazynyň hem iberilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, Berdimuhamedowyň döwletara energetika infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyjynyň örän derwaýysdygyny nygtady. Söhbetdeşler türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk hem işeňňirleşdirmäge çalyşýandyklaryny nygtap, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolundaky anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda, şol sanda medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym babatynda örän uly oňyn tejribe toplandy. Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýip Ärdogan türkmen we türk halklarynyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda Prezideni Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Saparynyň ikinji gününde Rejep Taýýip Ärdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Sehil Inşaat Firmasynyň guran çagalar bagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Açylyşda Prezident Berdimuhamedow türk kompaniýalarynyň Garaşsylyk ýyllarymyzda jemi 7 milliard dollar we 2 milliard ýewrolyk taslamany amala aşyrandygyny beýan edip türk firmalaryndan minnetdarlygyny bildirdi. Berdimuhamedow bal süýji baldan bala süýji nakylymyzy ýatladyp çagadan hem onuň edep terbiýesiniň we sowatlylygynyň möhümdigini we bu babatda türkmen çagalarynyň dünýä ülňelerine laýyk terbiýe we bilim almaklary üçin ähli şertleriň dörediljekdigini nygtady. Döwlet Baştutany Berdimuhamedow dünýä ülňelerine laýyk gelýän bu çagalar bagynyň beýleki guruljak taslamalara hem nusga boljakdygyny beýän etdi. Rejep Taýýip Erdogan bolsa türk firmalarynyň diňe ykdysady taýdan işlemän gumanitar taýdan hem uly işleri amala aşyrmalydygyny nygtady.Soňra liderler täze gurlan çagalar bagyny aýlanyp gördiler. Saparynyň dowamynda Erdogan we türk delegasiýasy Türkmenbaşynyň baky aramgähini zyýarat edip gül desseleri goýdy. Soňra bolsa ol Garaşsyzlyk binýadyna gül goýdy. Erdogan soňra Prezident Myhmanhanasynda geçirlen Türkmenistan-Türkiýe biznes forumyna gatnaşdy. Türkmenistana wekilçilik edip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Hocamuhammet Muhammedow we Reşit Meredowyň gatnaşmagynda geçirlen forumda özara ykdysaty hyzmardaşlygy ösdürmegiň ugurlary we türk maýadarlary üçin ýurdumyzdaky şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.Rejep Taýýip Ärdogan türk raýatlary üçin wiza meselesinde ýeňillik döredilmegini talap edendiklerini aýtdy. Forumda Erdogana Türkiýäniň Hakkari welaýatynda bolan terrorçylyk wakasy sebäpli ajy habar gelip gowuşdy. Soňra türk delegasiýasy Aşgabatdaky türk raýatlary bilen duşuşdylar.Duşuşykda söz sözlän Erdogan iki doganlyk halkyn gatnaşyklarynyň mundane beýläk hem ösjekdigini aýtdy. Erdogan bu ýerde terrorçylyk wakasy sebäpli Mongoliýa saparyny goybolsun edip Ankara gitjekdigini aýtdy. Saparyny tamamlan Erdogany Aşgabat aeroportynda Reşit Meredow ugratdy.
Habara baha ber



Goşmaça faýly al >>
Teswirler ( sany):
Teswir ýaz