Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Dünýä | Gyrgyzistanda 6.3 bal güýjünde ýer titreme boldy.

Gyrgyzistanda 6.3 bal güýjünde ýer titreme boldy.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Merkezi Aziýa döwletlerinden Gyrgyzistanda dün agşama golaý 6.3 bal güýjünde ýer titreme boldy.
  Pajygaly waka sebäpli 58 adamyň aradan çykandygy habar berildi.
 Gyrgyzistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi ýurdyň günortasynda Oş welaýatynda bolan ýer titremede onlarça jaýyň ýer bilen ýegsan bolandygyny we 58 adamyň hem aradan çykandygyny habar berdi. Ministrligiň metbugat sekretary harabalaryň astynda galan adamlaryň tapylmagy üçin gözleg işleriniň dowam edýändigini aýtdy. Ministrlikden ilki berlen maglumatda ýer titremede her haýsy bir ölüm ýitgi ýa-da maddy zyýançylygyň ýokdygy habar berlipdi. 
 Pajygaly wakadan soňra ýer titremäniň merkezi bolan Oş welaýatynyň Alaý etrabynyň Nura obasyna çadyrlaryň, suw, gyşlyk egin-eşikler we ýorgan-düşekleriň ugradylandygy habar berildi.
961 ilatly obada ilkinji kesgitlemelere görä 58 adam aradan çykyp, 50 kişi hem ýaralanypdyr. Wakada 150 jaýyň hem ýykylandygy habar berilýär.
Obada elektrik togy we beýleki aragatnaşyk liniýalarynyň kesilendigi we sebitde agtarylş işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.
ABŞ Geologiýa Gözlegler Merkezi ýer titremäniň ilki bilen 6.9 bal güýjünde bolandygy barada maglumat beripdi. Merkez soňra bolsa ýalňyşandyklaryny mälim edip, ýer titremäniň 6.3 bal bolandygyny mälim etdi.

Owganystanda 5.9 bal ýer titreme
 Şeýle hem günorta goňşymyz Owganystanyň paýtagty Kabulyň 70 km golaýynda 10 km çuňlukda ýer titleme bolandygyny ABŞ Geologiýa Gözlegler Merkezi habar berdi. Ýe r titremede ilkinji kesgitlemelere görä her haýsy bir zyýançylyk ýok diýip habar berildi.

 

 

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
5.00