Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Dünýä | Gyrgyzistandaky ýer titremede öli sany artýar: 72 adam pidasy

Gyrgyzistandaky ýer titremede öli sany artýar: 72 adam pidasy

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

    Gyrgyzistanyň günortasyndaky Oş şäheriniň Alaý etrabynda bolup geçen weýrançylykly ýer titreme wakasynda öli sanynyň artandygy habar berildi. Ilki 58 sany adam pidasynyň  bardygy haber berlipdi emma soňky gözlegler netijesinde öli sanynyň 72-ä ýetendigi mälim edildi.    Gyrgyzistan Saglyk Ministrligi  tarapyndan goýberlen metbugat beýanynda gije sagat 22.53 töwereklerinde bolan ýer titremede iň az 100 adamyň hem ýaralanandygy haber berildi.     Gyrgyzistanyň Sismologiýa Instituty tarapyndan berlen maglumatda ýer titremäniň merkezi Alaý etrabynda 6.3, Oşda 6.0 we paýtagt Bişkekde 3.5 bal derejesinde duýlandygyna ýer beildi. Şeýle hem entegem gözleg işleri dowam edýär. Gyrgyzistan Adatdan Daşary Ýagdaýlar Ministrliginiň işgärleri uly zyýan çeken ýollarda kynlyk bilen sebit halkyna kömek gowşurmaga synanyşýandyklaryny mälim etdi.  Prezident Berdimuhamedow Gyrgyz lider Bakiýewe gynanç haty ýollady. 

Şeýle hem  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň günortasynda Alaý raýonynda bolan we köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Kurmanbek Bakiýewe gynanç hatyny ýollady.

Döwlet Baştutany tebigy betbagtçylyk mahaly heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanç we goldaw sözlerini hem iberdi.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.00