Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Syýasat | Latwiýanyň Prezidenti Zatlers Aşgabada gelýär.

Latwiýanyň Prezidenti Zatlers Aşgabada gelýär.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

  Şu gün agşam Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Waldis Zatlers ilkinji resmi sapar bilen Aşgabada gelýär.

8-nji oktýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we belent mertebeli latyş myhmanynyň arasynda gepleşikler bolar.

Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyk giň möçberli döwletara gatnaşyklaryna özboluşly giriş bolar, oňa taraplaryň erk-islegi boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde — iri halkara guramalaryň we bileleşikleriň çäklerinde türkmen-latyş gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek maksady bilen täze depgin berler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy. Şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça Latwiýa Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy möçberinde 17-nji orny eýeleýär—iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2,3 esse artdy. Latwiýa eksport edilýän türkmen harytlarynyň uly bölegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleridir. Türkmenistan şeýle hem bu ýurda oba hojalyk önümlerini hem-de dokma we ýeňil senagatyň önümlerini eksport edýär. Latwiýadan Türkmenistana esasan enjamlar we mehanizmler, ulag serişdeleri, metaldan ýasalan önümler, azyk önümleri, himiýa senagatynyň önümleri, elektrik hem hojalyk harytlary we başgalar getirilýär.

2008-nji ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň territoriýasynda nebitgaz we energetika pudagynda Latwiýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen durmuşa geçirilýän, umumy möçberi 1 million amerikan dollaryna barabar bolan taslamalaryň ikisi bellige alyndy. Şu döwürde ýurdumyzda Latwiýanyň maýasynyň —lomaý söwdany amala aşyrýan «KELK» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň şahamçasynyň gatnaşmagynda hem bir kärhana bellige alyndy.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň topary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işeňňirleşdirmegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berler, Latwiýa bolsa 2004-nji ýyldan başlap şol Bileleşigiň agzasydyr.

Garaşylyşy ýaly, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Aşgabada saparynyň jemleri boýunça iki dostlukly halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esasyň düýbüni tutjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler. 

Çeşme-TDH

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
0