Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Ykdysadyýet | Prezident Berdimuhamedow Ahmet Çaligi kabul etdi.

Prezident Berdimuhamedow Ahmet Çaligi kabul etdi.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Çalyk Holdingiň başlygy türk işewür Ahmet Çalygy kabul etdi.

 Türk işewür duşuşmaga döreden mümkinçiligi üçin Prezident Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirip, ýetip gelýän Garaşsyzlyk bayramy bilen gutlady.

Işjeň we konstruktiw ýagdaýda geçen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi şeýle hem öň ylalaşylan anyk taslamalaryň ýerine ýetirlişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Ahemt Çalyk esasan hem Türkiýe döwletiniň  we halkynyň Türkmenistana sowgady boljak Köneürgençdäki metjidiň gurluşygyna taýýarlyk barada maglumat berdi. Mundan başga-da birnäçe taslamalary Prezident Berdimuhamedowa hödürlän Çalyk,  beýleki taslamalara hem gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

 Berdimuhamedow türk kompaniýalarynyň durmuş-ykdysady ösüşimizde uly goşandynyň bardygyny nygtap, häzirki zaman binagärçilik we tehnologiýa standartlaryna laýyklygy nukdaý nazarynda üns bilen öwreniler diýip belledi.

 Hoşlaşykda türk işewür kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene bir gezek mälim etdi.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.00