Latwiýanyň Prezidenti Zatlers Türkmenistan saparyny tamamlady.
Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-latyş gepleşikleri uly üstünlikli geçdi. Ol iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklady. Gepleşikleriň netijesinde konstruktiw döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn formatda, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Iki ýurduň Liderleri öz döwletleriniň parahatçylyk we dostluk syýasatyna ygrarlydygyny nygtap, adamzadyň üstüne abanýan wehimlere we howplara bilelikde garşy durmagyň iri halkara guramalarynyň, ilki bilen, BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleriniň has doly ulanylmagynyň zerurdygyny bellediler.
Şu gezekki duşuşygyň barşynda iki döwletiň täze taryhy tapgyrdaky durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary jähtinden türkmen-latyş hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, taraplar uzakmöhletleýin geljek üçin bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýollaryny bellediler. Ýangyç-energetika ulgamynda, oba hojalygynda, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, söwda, syýahatçylyk, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar hem öz ösüşinde täze badalga eýe boldy, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýlelikde, iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýokary derejede özara düşünişmegiň bardygy, öz halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy ýene bir gezek aýdyň görkezildi.
Şu gün Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Waldis Zatlersiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde belent mertebeli myhman üçin medeni maksatnama guraldy.
Irden Latwiýanyň lideri we onuň ýanynda bolýan hökümet delegasiýasynyň agzalary Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördüler. Myhmanlar sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly toplumy uly gyzyklanma bilen synladylar. Ýörite latwiýaly myhmanlar üçin aýlawyň ýaşyl meýdanynda türkmen çapyksuwarlary özleriniň taýýarlan, nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp at üstündäki oýunlary görkezdiler. Myhmanlar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň gözelligine haýran galmak bilen syn etdiler.
Soňra Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti we hökümet delegasiýasynyň agzalary Türkmen halysynyň muzeýine bardylar. Olar muzeýiň kolleksiýasynyň täsin eksponatlary — türkmen halyçylarynyň gaýtalanmajak ussatlygynyň we zehininiň aýdyň subutnamalary bolan halylary haýran galmak bilen synladylar. Guralan ajaýyp ekskursiýa üçin muzeýiň işgärlerine minnetdarlyk bildirip, Prezident Waldis Zatlers Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Şol günüň özünde Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine bardy. Ol ýerde Latwiýanyň tanymal döwlet işgäri, latyş döwletini esaslandyryjylaryň biri Karlis Ulmanisiň gubry ýerleşýär.
Deňiz ýakasyndaky şäheriň aeroportunda belent mertebeli myhmany we onuň ýanynda bolýan adamlary welaýatyň we Türkmenbaşy şäheriniň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçiligiň wekilleri duz-çörek we ter gül desseleri bilen garşyladylar.
Dabaraly garşylanyş tamamlanandan soň, Latwiýanyň delegasiýasy Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna tarap ugrady. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gysgajyk ekskursiýa mahalynda, Prezident Waldis Zatlerse we latwiýaly işewürlere polipropileniň, dizel we uniwersal ýaglaryň, beýleki nebit önümleriniň önümçiliginiň tehnologiki prosesi barada gürrüň berdiler.
Soňra «Serdar» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň taslamasy bilen içgin tanyşdylar. Ol taslamanyň durmuşa geçirilmegi bu ýeri ýakyn geljekde halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkezine öwrer. Günüň ikinji ýarymynda latyş delegasiýasy Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna geldi. Mälim bolşy ýaly, düýn geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde ulag-kommunikasiýa ulgamy, Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny, şeýle hem Latwiýanyň deňiz portlarynyň ösen infrastrukturasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hut şu jähtden Latwiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşynyň deňiz portunyň işi we ony ösdürmegiň geljegi bilen jikme-jik tanyşdylar. Bu port toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylandan soň, Ýewropanyň we Aziýanyň gyzyklanma bildirýän köp sanly ýurtlary bilen halkara ulag geçelgesini netijeli ösdürmek üçin möhüm üstaşyr nokady bolup hyzmat eder.
Soňra aýratyn dabaraly ýagdaýda «Parfiýa» gämisiniň bortundan deňiz şäherleriniň däbi boýunça Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan Latwiýanyň dördünji Prezidenti Karlis Ulmanisiň hatyrasyna suwa wenok goýbermek çäresi geçirildi. Çäre Türkmenbaşy şäherindäki gonamçylykda dowam etdirildi. Ol ýerde taryhyň hasratly pursatlarynda K.Ulmanis baky aram tapypdy. Latyş halkynyň beýik oglunyň ýagty ýadygärligini hormatlap, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti we delegasiýanyň agzalary Karlis Ulmanisiň mazarynyň ýanyna geldiler.
Agşam Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden öz Watanyna ugrady.



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz