Bölümler
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Gyzylsuw adasynda ýeliň güýjünden peýdalanylýar
Hazar deňzindäki Gyzylsuw adasynyň ýaşaýjylaryna täze «kömekçi» hyzmat edip başlady, bu ýerde oturdylan ýelden energiýa alýan enjam ýerli mekdebe elektrik toguny berýär.
Bu enjam—atlandyrylyşy ýaly, dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň biri, hususan-da, ýeli elekrik energiýasyna öwürýän tejribe nusgasy türkmen alymlarynyň—Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokaryň geňeşiň «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň alym-hünärmenleriniň ajaýyp üstünligidir.
Mälim bolşy ýaly, innowasion, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, hususan-da, alternatiw, dikeldilýän energiýa çeşmelerini (DEÇ) ornaşdyrmaga gönükdirilen tehnologiýalary işläp taýýarlamak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň häzirkizaman ylmynyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Tebigat—howa şertlerini nazara almak bilen, Türkmenistan munuň üçin örän giň mümkinçiliklere eýedir. Şeýle möhüm ugurda gönüden-göni barlaglar bilen meşgullanýan «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň alymlary we konstruktorlary bu mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmak arkaly ulanmaga çalyşýarlar. Hususan-da, olar tarapyndan tejribe enjamlaryny işläp taýýarlamak we synap görmek boýunça taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy. Bular guradyjy enjamdan, suw süýjediji enjamdan, elektrik we suw üpjünçiligi üçin ýel-gün toplumyndan, ýokary temperaturaly barlaglar üçin gün pejinden, gün fotobioreaktorlarda ownujak suwotylary ösdürip ýetişdirmek boýunça enjamdan ybaratdyr. Şeýle taslamalaryň amaly gymmaty äşgärdir. Sebäbi, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny ýeterlik mukdarda öndürýändigine garamazdan, onuň territoriýasynda barmasy kyn ýerler bar, şol ýerlere elektrik geçiriji ulgamlary merkezleşdirip çekmek aňsat däldir. Türkmen alymlary tarapyndan hödürlenýän enjamlar bu meseläni, mysal üçin, uzakda ýerleşýän öri meýdanlarynda, nebit we gaz ýataklarynda, Hazaryň adalarynda çözmäge kömek eder.
«Gün» ylmy-önümçilik birleşiginde TDH-niň habarçysyna gürrüň berişleri ýaly, Gyzylsuw adasynda mekdebi energiýa bilen üpjün etmek üçin 5 kWt kuwwaty bolan tejribe ýel-energiýa enjamyny döretmek we tejribe arkaly synap görmek boýunça taslama Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda durmuşa geçirildi. Enjamyň parçalary—ýel halkasy, generator, saklaýan daýanç gurnamalary adanyň agro-howa şertlerini, daşamagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem ulanmagyň ýönekeýligini we ygtybarlylygyny nazara almak bilen ýasaldy. Ulanmagyň şu häsiýetleri bolsa adanyň esasan balyk tutmak bilen meşgullanýan ýaşaýjylarynyň peýdalanmagy üçin niýetlenilen ýel enjamynyň möhüm häsiýetnamalarynyň biridir.
Gurluşyk-gurnama işleri adanyň özünde amala aşyryldy. Tutuş enjam energiýa üýtgäp duran ýagdaýynda: ýeliň zerur tizligi bolan mahaly tejribe enjamy bilen, gaý turan wagty bar bolan dizel elektrik stansiýasy bilen berler ýaly edilip mekdebiň elektrik üpjünçilik ulgamyna birikdirilýär. Işleriň ähli tapgyry tamamlanandan soň enjam ulanyş synagyndan üstünlikli geçdi. Deňiz adasynyň arid şertlerinde synap görmek üç ýylyň dowamynda geçiriler.
«Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň hünärmenleri häzirki wagtda, Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň ýöredýän syýasaty netijesinde ylma döwlet ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugry statusy berlen mahaly adaty däl energiýa çeşmeleri babatda işläp taýýarlamalara has uly isleg bildiriler, ol energiýany aýamagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň netijeli hem-de elýeterli serişdesi bolar diýip ynam bildirýärler.
Habara baha ber



Teswirler (2 sany):
Teswir ýaz