Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Ykdysadyýet | Dünýäniň iň uly 4-nji tebigy gaz ýatagy Günorta Ýolötende

Dünýäniň iň uly 4-nji tebigy gaz ýatagy Günorta Ýolötende

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän Günorta Yolöten tebigy gaz ýatagynyň dünýäniň iň uly gaz ýataklaryndan biridigi kesgitlendi. 

 Prezident Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda abraýly halkara konsultantyna—«Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasyna (Beýik Britaniýa) Türkmenistanyň gündogar böleginde Amyderýa basseýninde ýerleşen Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz ýataklarynda gazyň gorlarynyň auditini geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde geçirlen auditiň jemleri barada hasabat beren britan kompaniýasynyň wekili Jim Gillet şeýle maglumat berdi:"Häzirki güne çenli bar bolan maglumatlara laýyklykda Günorta Ýolöten-Osman ýatagy boýunça biziň kompaniýamyzyň berýän bahasy şeýleräkdir: aşaky baha-4 trillion kub metr; optimal baha—6 trillion kub metr; ýokary baha—14 trillion kub metr gaza barabardyr. Deňeşdirmek üçin aýtsak, optimal baha iň iri Döwletabat türkmen ýatagy bilen deňeşdirilende bäş esse ýokarydyr, munuň özi Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagyny onuň ölçegleri boýunça dünýäde bäşinji ýa-da dördünji orna çykarýar. "

Abraýly we garaşsyz halkara ekspertiniň baha bermegi Türkmenistanda gurulýan, şeýle hem yglan edilen iri gaz geçirijileriň resurs üpjünçiliginiň kepilliligini hasaba almak bilen zerur bolupdy, şolar boýunça hem türkmen tebigy gazy daşary ýurt bazarlaryna eksport ediler. Gazyň tassyklanylan ägirt uly möçberlerini hasaba almak bilen, olary takyklamagyň mundan beýläkki işleriniň netijelerine garaşsyz ýagdaýda Türkmenistanyň eýýäm baglaşylan şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin doly ýeterlikdigi bütinleý äşgärdir.

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, tutuşlygyna alnanda şeýle ägirt uly ýataklary iň gowusy tapgyrlaýyn işläp geçmekdir—tapgyrlaryň her biri ýylda 10 milliard kub metr gazy çykarmaga niýetlenendir. Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynyň möçberleri boýunça onuň çykarylyşyny ýylda 70 milliard kub metre çenli tapgyrlaýyn artdyrmak bolar.

Bu dünýäde iri gaz ýatagyna baha bermekden başga-da, biziň kompaniýamyz Ýaşlar gaz ýatagynyň auditini hem geçirdi. Ol hem ýeterlik derejede iri gaz ýatagydyr. Biziň baha bermegimize görä, bu ýerde häzirki günde gazyň möçberi: aşaky baha—0,25 trillion kub metre; optimal baha—0,675 trillion kub metre; ýokary baha—1,5 trillion kub metre barabardyr. 

2008-nji ýylda 80 milliard kub metrden gowrak mawy ýangyjy çykarmagy meýilleşdirýän ýurdumyzyň jemi gorlarynyň soňky kesgitlemelere görä 30 trillion kub metrden gowrakdygy çak edilýär.

 

 

Teswirler (1 sany):

Ayna da 02 November, 2008 02:20:11
avatar
Habar sitesi habarlary wagtynda we gyzgyny bilen yetirmeli ahyry Eyyam iki hepdeden bari şol önki habarlar KYNÇYLYK NAMEDE? BİLİP BORMYKA? Belki kömegmiz yeter Ayna Nury

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
5.00