Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Umumy | Türkmenhowaýollarynyň işgärleriniň goşmaça tölegleri 2 esse köpeldildi.

Türkmenhowaýollarynyň işgärleriniň goşmaça tölegleri 2 esse köpeldildi.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinden Türkmenhowaýollary gullugynyň işgärlerine şatlykly habar gowuşdy.  Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, 2008-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň we onuň garamagyndaky awiakärhanalaryň uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän (uçuş düzüminiň, inžener-tehniki düzüminiň howa hereketini dolandyrmak gullugynyň we uçuş bilen bagly beýleki) işgärleriň uçuş işlerine zähmet hakyny tölemek üçin sagatlaýyn, üstüne goşma we goşmaça hasaplanýan tölegleri 2 essä çenli köpeldildi.

  Şeýle hem  «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işgärlerine uçuşlary ýerine ýetirmek bilen bagly işler ýerine ýetirilende işiň aýratyn häsiýeti üçin öwezini doluş töleglerini tölemek hakyndaky düzgünnama tassyklanyldy. 

Teswirler (3 sany):

muhammet da 17 October, 2008 11:20:27
avatar
bir tehniki işgarin aylığı naçerak bolyarka, biraz detallerem öwrenip yazaymalı ekeniniz, men nesip etse awiyasiyanı gutaryan, son duralgam TMHY boljagy üçin mana bular bilmegim gerekdi
salijan da 19 October, 2008 02:55:36
avatar
men şu wagt daşary yurtda,yöne watanym üçin şeyle guwanyan,inşaallah in yakyn zamanda turkmenistany butin dünya tanar,türkmenistanyn şu wagtky ösüşi yagny az wagta uly ösüşi dünya yurtlarynyn hiç birinde yok,allahu tagala halkymyzy bele beterden gorap aman saklasyn[do wstreçi,see your later,görüşmek üzere,maasselam,çebaşş
ejesh da 04 December, 2008 12:41:43
avatar
bu aylık meselesi gaty govy, yone bu aylyklar galyar diyip biledin bahasam galarmıka diyyan. şol tarapy az diysenem gynandyryar.çünki daşary yurtda okayan dost joralarymyz az dal ve biledin bahasy galaysa nadip gelip gitsinler :(

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.83