Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Dünýä | Obama: ABŞ-nyň ilkinji afro-amerikan prezidenti.

Obama: ABŞ-nyň ilkinji afro-amerikan prezidenti.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

     ABŞ-de taryhy wakalardan biri boldy. 4-nji Noýabr saýlawlarynda dalaşgäri McCaine garşy ýeňiş gazanan Demokratik Partiýasy dalaşgäri Barak Huseyin Obama ABŞ-niň ilkinji garaýagyz prezidenti boldy. Saýlaw sistemasyna görä 270 saýlawçy agza sanyna eýe bolan dalaşgär ýeňişini yglan edýär.

    Florida, Ohio, Wirginiýa ýaly kesgitleýji ştatlardan ýeňiş bilen çykan Obama, 338 sany saýlawçy sanyny alyp 270 sanyny geçdi. Iki ýyldan bäri dowam edýän kompaniýanyň netijesinde ýeňiş gazanan Obama, Maine, Wermont, New Hampshire, Massachusettes, Rhode Island, Connecticut, New York, New Jersey, Pennsylvania, Maryland, Delaware, Washington D.C., Ohio, Michigan, Wisconsin, Illinois, Minnesota, New Mexico, Iowa we Virgina ýaly ştatlarda dalaşgärinden üstün çykdy.

    Respublikan McCain bolsa Kentucky, Günorta Carolina, Tennesse, Georgia, Oklahoma, Alabama, Missisipi, Arkansas, Demirgazyk Dakota, Günorta Dakota, Wyoming, Kansas, Louisiana, Texas, Gündogar Virgina, Utah we Nebraska garşydaşyna bäs geldi. McCain garşydaşyny gutlady. Florida, Ohio, Wirginiýa ýaly kesgitleýji ştatlarda Obama ýeňiş bilen çykdy.1964-nji ýyldan bäri Ohioda saýlawlary alan dalaşgär Ak Tamyň täze eýesi hasaplanýar. Şeýlelik bilen Wirginiýada 40 ýyldan bäri dowam edip gelýän Respublikanlaryň hegomonýasy hem tamamlandy.

   Obama goldaw beren ýüz müňlerçe adam Şikagodaky Grant Parkda gutlag dabaralaryna başlady. ABŞ Prezidenti Bush hem mirasdüşeri Obamany gutlady. Respublikan dalaşgär McCainiň ofisinden berlen maglumata görä McCainiň ýeňlişi kabul edendigi we Obamany gutlandygy habar berildi.

Barak Hüseyin Obama kim?

 Kakasy Keniýaly we ejesi ABŞ-li akýagyz bolan Obama 1961-nji ýylyň 4-nji Awgustynda Hawaide doguldy. Ejesi we kakasy Obama iki ýaşyndaka aýrylyşdy. Garward Uniwersitetinde stipendiýaly okan kakasy soňra Keniýa gitdi we döwlet işinde işledi. Obama 6 ýaşyndaka ejesi Indoneziýaly birine barypdyr we maşgala Jakarta göçüpdir. 4 ýyllap dünýewi we hristiýan mekdeplerinde okan Obama soňra mamasy we babasy bilen ýaşamak üçin Hawaiýä dolanyp geldi. Ol New Ýorkda Kolumbiýa Uniwersitetinde Syýasy Bilimler okap, 1988-nji ýylda bolsa Garwardyň hukuk fakultetine girdi. 1996-2004-nji ýyllaryň arasynda Illinois ştadynyň senatory bolan Obama, 2004-nji ýylda bolsa ABŞ senatosyna saýlandy. Bu ýeňşinden soňra Obama metbugatyň hem ünsüni çekdi we iki kitaby Amerikada iň köp satylan kitaplardan biri boldy. 2007-nji ýylda dalaşgärligini yglan eden Obama elmydama `Özgerişlik` şygaryny ulandy. 2008-nji ýylyň Iýun aýynda Demokrat Partiýanyň resmi dalaşgäri bolan Obama saýlaw kampaniýasy üçin 890 million dollar goldaw puly ýygnap rekordyň eýesi boldy.

   Obama saýlaw kampaniýa boýunça Golliwudyň ýyldyzlaryndan hem uly goldaw aldy. George Clooney, Scarlett Johannson, Robert de Niro, Tom Hanks, Matt Damon we Halle Berry ýaly ýyldyzlar Obama yzgyderli goldaw berdilar.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.60