Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Günüň wakalary | Prezident Berdimuhamedowyň Günorta Koreýa sapary başlady

Prezident Berdimuhamedowyň Günorta Koreýa sapary başlady

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün döwlet sapary bilen Günorta Koreýa respublikasyna gitdi. Ilkinji gezek Seulda saparda boljak Berdimuhamedow Koreýanyň Baştutany Li Mýon Bak bilen duşuşar.

 Taraplaryň iki dost döwletiň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk has-da ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä Koreýa Respublikasynyň Sişenbe günki metbugat beýanynda Türkmen lideriniň Seul saparynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygy mälim edildi. Şol bir babatda Koreýaly kompaniýalaryň ýurdumyzdaky maýa goyum mümkinçilikleri hem ele alynar. Infrastruktura we senagat pudaklaryndaky maýa goýumlardan başga-da koreý kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen ýalpaklarynda nebit-gaz özleşdiriş taslamalaryna gatnaşmagy baradaky mesele hem bu saparyň gün tertibinde bolar. Prezident Berdimuhamedowyň Seul saparynyň aýyň 7-sine tamamlanmagyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly Prezident Berdimuhamedow koreýaly kärdeşi Mýon Bak bilen geçen Awgust aýynda Pekin Olimpiýadasynyň açylyşynda duşuşypdy.

 Türkmenistan bilen Koreýa 1992-nji ýylda ilkinji gezek diplomatiki gatnaşyk açdy. Soňky ýyllarda iki döwletiň gatnaşygynyň günsaýyn ösmegi netijesinde  geçen ýylyň iýun aýynda  Aşgabatda Koreýa ilçihanasy açyldy. 2008-nji ýylyň Ýanwar aýynda bolsa Koreý Premýer Ministri ilkinji gezek Aşgabady zyýarat edip gatanyşyklara has hem badalga berdi. Şol bir wagtyň özünde koreý işewür toparlarynyň Aşgabat saparlary hem ýygjamlaşdy. 

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.67