Türkmenbaşy Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumyndaky bidüzgünçilikler ýüze çykaryldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Baş prokuror Ç.Hojamyradow «Türkmenpagta» döwlet konserniniň şeýle, hem Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maliýe-hojalyk işiniň barlaglarynyň netijeleri barada habar berdi.
Hojamyradow barlaglaryň netijesinde Hususan-da, «Türkmenpagta» döwlet konserninde oňat hilli tohum taýýarlamak işi, ozalkysy ýaly, göwnejaý alnyp barylmaýandygyny we meýdanlardan ýygnalan pagtanyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmäge ýeterlik üns berilmändigini belledi. Kadrlar syýasatynda-da säwlikleriň goýberilendigi nygtan Baş Prokuror ýerlerde käbir hünärmenleriň bilimi we kwalifikasiýasy eýeleýän wezipelerine laýyk gelmeýär diýip aýtdy.
Şeýle hem Baş prokuror Energetika we senagat ministrliginiň ulgamynda hem işgärleri saýlap almak meselesinde şunuň ýaly kemçilikleriň ýüze çykarylandygy barada habar berdi.
Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, barlagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de Energetika we senagat ministrliginiň ýolbaşçylaryna işde ýüze çykarylan kemçilikleri we säwlikleri aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyryp, kadrlar bilen bagly meselä aýratyn üns berdi hem-de bu talabyň ähli pudaklara degişlidigini belledi. Döwlet Baştutany energetika we senagat ministri G.Annaweliýewe berk käýinç yglan edip, bar bolan ähli kemçilikleri we düzgün bozmalary gysga wagtda aradan aýyrmagy tabşyrdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň päk ýürekli we halal bolmagy baradaky meseläni orta atyp, olaryň öz tabynlygyndaky ähli işgärler üçin görelde bolmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz kärhana, pudaga ýa-da ministrlige ýolbaşçylyk etmek wezipesi ynanylan adamlardan deň derejede berk hasabat soraljakdygyny belledi.
Ç.Hojamyradow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory T.Mämmedowyň birnäçe bidüzgünçiliklere ýol berip, maliýe taýdan kemçilikleri goýberendigini aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow T.Mämmedowy işde goýberen düýpli kemçilikleri we gulluk ýagdaýyny şahsy bähbitleri üçin peýdalanandygy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz