Bölümler
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Prezident Berdimuhamedow täze rezidensiýasyna göçdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze kabulhanasynda yagny ozalky Ministrler Kabinetiniň binasynda ýygnaga baştutanlyk etdi. Mälim bolşy ýaly täze kabulhana Bilim Ministrligine we Türkmenistan myhmanhanasyna goňşy bolan Ministrler Kabinetiniň ozalky binasy birnäçe aýdan bäri rekonstruksiýa edilýärdi.
Döwlet Baştutanynyň resmi kabulhanasy täze Köşk toplumynyň gurulýan we onuň düzümine girýän öňki desgalaryň durky abatlanýan döwründe wagtlaýynça ýygnaklara we duşuşyklara öý eýeçiligi eder.
Türk Polimeks firmasy tarapyndan durky doly täzelenen, milli binagärçiligiň äheňlerini özünde jemläp, has-da kaşaň görnüşe eýe bolan Ministrler Kabinetiniň binasy soňky tehnologiýa enjamlary bilen hem enjamlaşdyryldy.
Mejlisiň nobatdaky ýygnagyna bolsa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we täze ajaýyp binada işe başlamagy mynasybetli gutlamak maksady bilen Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalary ýygnandylar.
Habara baha ber



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz