Türkmenistan Owganystanda mekdep we saglyk klinikasy gurjak.
Türkmenistanyň Owganystanda saglyk punkty we mekdep gurjakdygy habar berildi. Dünki Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde ykdysadyýetden jogapkär MK(Ministrler Kabineti) Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow goňşy döwletimiz Owganystanda guruljak desgalara taýýarlyk barada hasabat berdi. Geldimyradow zerur resminamalaryň şeýle hem maliýe resminamalaryň taýýarlanandygyny aýtdy.
Owganystan halkyna kömek hökmünde ähli serişdeleri türkmen döwleti tarapyndan çekiljek mekdep Owganystanyň Balh welaýatynyň Şordepe etrabynda gurular. Şeýle hem lukmançylyk punkty Karamgolda gurlup Owganystan halkynyň hyzmatyna berler.
Hasabaty diňlän Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişe owgan halkyna kömek berendigini we goňşy ýurdy sosial-ykdysady we medeni taýdan dikeltmekde giňden goldaw berjekdigini belledi.



Teswirler (6 sany):
Teswir ýaz