Prezident Berdimuhamedow Özbegistandan geldi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük Özbegistan saparyny tamamlap, ýurdumyza dolanyp geldi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 24 we 25-nji Fewralda Özbegistanda saparda boldy. Saparyň ilkinji gününde Turkiston köşkünde duşuşan liderler iki döwletiň sungat işgärleriniň beren konsertine gatnaşdylar.
Saparyň ikinji gününde Prezident Berdimuhamedowy Durmen köşkünde dabaraly resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Myhmanyny gyzgyn garşy alan Özbegistanyň Prezidenti Yslam Kerimow, türkmen kärdeşi bilen ýadygärlik suraty üçin habarçylaryň garşysyna geçdi. Resmi dabaradan soňra liderler ikiçäk gepleşikler geçirdi.
Çakylygyny kabul edendigi üçin Prezident Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildiren Kerimow, bu sapara netijeli iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ädim hökmünde baha berýändiklerini belledi.
Prezident Berdimuhamedow hem myhmansöýerligi üçin özbek liderine minnetdarlyk bildirip, Özbegistan bilen ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini belläp geçdi.
Konstruktiw geçen ikiçäk duşuşykda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Liderler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara derwaýys meseleler barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda giň möçberli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdiiklerini tassykladylar. Ýangyç-energetika sektory, söwda-ykdysady we ulag-komunikassiýa ulgamlary hem-de beýleki pudaklaryň birnäçesi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ele alyndy. Prezidentler ylym we medeniýet ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem taraplar sebitleýin we haklara meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Iki goňşy ýurdyň liderleri sebitde we dünýäde howpsyzlygy we durnuklylygy saklamak maksadyndaky hyzmatdaşlyga we adamzada howp salýan wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek meselesini ele aldylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurdyň hökümetara delegasiýalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Yslam Kerimow dünýädäki ykdysady-maliýe krizsini hem nazara almak bilen ençeme ugurlardaky derwaýyz meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. Kerimow, Türkmenistanyň Bitaraplylyk syýasatyny doly goldaýandygyny nygtap, bu syýasatyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň oňyn şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi. Özbek lider, iki ýurdyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 50 göterim artmagy hyzmatdaşlygyň ägirt uly potensiýalynyň bardygyny görkezýär diýip aýtdy. Kerimow häzirki global kriz şertlerinde iki ýurdyň öndürijileri üçin täze bazarlary döretmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi. Ylsam Kerimow erkin söwda resminamasyny taýýarlamak barada hem ylalaşandyklaryny aýtdy. Kerimow, suw, ulag-komunikasion, häzirki zaman howplary we wehimleri, sungat we medeniýet ulgamlaryndaky meseleler barada hem durup geçdi.
Prezident Berdimuhamedow hem iki doganlyk halkyň gatnaşyklarynyň hem taraplaýyn çalt depginler bilen ösýändigini nygtady. Hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadynyň ýüze çykan ähli meseleleri çalt çözmäge mümkinçilik berjekdigi belenilip geçilip, Berdimuhamedow, biz muňa ýokary baha berýäris we iki tarapyň hem birek-birege düşünişmegine esaslanýan şeýle pozisiýany biziň gatnaşyklarymyzyň doganlyk häsiýetiniň mizemezliginiň, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygyň hatyrasyna olary mundan beýläkde ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň girewi hasaplaýarys diýip aýtdy. Prezident Berdimuhamedow, Yslam Kerimow bilen geçirlen gepleşige ýokary baha berip, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri we geljegi barada düýpli gürrüň edilendigini nygtady. Berdimuhamedow, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsyzlygy pugtalandyrmak, ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryna, jeneýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, ýarag kontrabandasyna, adamzada howp salýan beýleki nogsanlyklara garşy göreşmek ýaly meselelerde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi.
Prezident Berdimuhamedow energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmeginiň sebiti durnukly ösdürmegiň we onuň rowaçlygynyň möhüm faktory bolup durýandygyny belläp, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönüklendirilen başlangyçlaryny goldandygy üçin Yslam Kerimowa we özbek halkyna minnetdarlyk bildirdi.
Giňişleýin gepleşikler tamamlandan sonra iki taraplaýyn resminamalara gol çekildi. Taraplar syýahatçylyk, howpsyzlyk, serhet goragy, jenaýatçylyga garşy göreş, azatlykdan mahrym edilenleriň alyş-çalyşy we iki döwletiň çäginde bikanun bolýanlaryň alyş-çalyşyna degişli hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekdiler. Soňra liderler gysgaça metbugat beýany berdiler.
Günüň dowamynda lider Daşkent ilňihanamyzyň täze binasynyň we Türkmenistanyň Milli Sergisiniň açylyşlaryna gatnaşdylar.
Prezident Berdimuhamedow Durmen köşkündäki agşamlyk naharyndan soňra Daşkent-2 halkara aeroportyndan Yslam Kerimowyň ugratmagynda Aşgabada ugrady.
Aşgabatda Prezident Berdimuhamedowy hökümet agzalary we beýleki ýolbaşçylar garşyladylar.



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz