Kubanyň ilçisi Aşgabatda işe başlady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marselo de la Karidad Kabalýero Torresden ynanç hatlaryny kabul etdi.
Döwlet Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli myhmany gutlady, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlik arzuw etdi. Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, myhman öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine Kuba Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli salam hem iň gowy arzuwlary gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli reformalar we özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Şu jähtden ilçi milli parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak ulgamy bilen tanyşdyryldy.
Häzirki günde türkmen topragynda bolup geçýän özgertmelere uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, diplomat özüniň progressiw syýasaty we parahatçylyk döredijilik başlangyçlary bilen halkara derejesinde ýokary abraý gazanan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Kubanyň ilçisiniň belleýşi ýaly, geografiýa taýdan biri-birlerinden alysda ýerleşýändiklerine garamazdan, iki döwlet üçin türkmen we kuba halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikler açylýar.
Döwletara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň barşynda taraplar, hususan-da, saglygy goraýyş, şeýle hem dynç alyş we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň perspektiwalaryna degip geçdiler. Şunuň bilen baglanyşykly diplomat Hazar deňziniň kenarýakasynda dünýä derejeli deňiz şypahanasynyň — «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň taslamasyna Kubanyň gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi.
Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmaga tarapdardyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli erk-islegleri we hyzmatdaşlygyň bar bolan potensialy esasynda türkmen-kuba gatnaşyklary üstünlikli ösdüriler diýip ynam bildirdiler.



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz