Prezident Kubogynda ir gelen "final" duşuşygy
Aşgabat topary Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti bilen ýarym finalda duşuşýar.
Paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşy irki final diýlip atlandyrylyp bilinjek oýna sahna bolar. Geçen ýylyň finalistleri Aşgabat we HTTU toparlary ertir ýarym finalda soňky tapgyra çykmak üçin garpyşarlar.
A toparynyň soňky oýnunda Latwiýanyň Skonto toparyna 2-0 hasabynda ýeňlip toparynda ikinji bolan HTTU, B toparynyň birinjisi Aşgabat bilen Fewral aýynyň 27-sine sagat 18.00 da Olimpik Stadionda garşylaşar. Aşgabat toparyndaky soňky oýnunda Ermenistanyň Gandzasary bilen 1-1 deň hasaply galyp ilkinji duşuşyklar netijesinde 7 bal ýygnady.
Kubokda Eýrandan Hemmat, Ermenistandan Gandzasar, Bahreýniň ýaşlar ýygyndysy, Täjigistandan Parwoz, Latwiýadan Skonto we Gyrgyzystandan Abdyş Ata toparlary çykyş etdiler.
A toparynda Skonto we HTTU, B toparynda bolsa Aşgabat we Gandzasar toparlary ýarym finala çykdy. Skonto we Gandzasar ýarym final duşuşygy üçin ertir sagat 15.00-da duşuşýarlar.
Kubogy geçen ýyl HTTU topary alypdy. Kubokda 1-nji orna 20 müň, 2-njä 10 müň, 3-njä bolsa 5 müň dollar baýrak berilýär.



Teswirler (1 sany):
Teswir ýaz