Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Umumy | Içgysgynç ýygnaklarda garalama bilen meşgullanýanlar çykyşlary has gowy ýatlaýarlar.

Içgysgynç ýygnaklarda garalama bilen meşgullanýanlar çykyşlary has gowy ýatlaýarlar.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Içgysgynç ýygnaklarda şňlerindäki depderlerini ýa-da her haýsy bir zady garalaýan adamlaryň ýygnakda gepleşilen temalary has gowy ýatlaýandyklary ýüze çykdy. Iňlis psiholog Jackie Andradeniň alyp baran ylmy-barlag işinde ýygnak geçirilýän pursadynda ellerindäki bloknotlary garalaýan gatnaşyjylaryň bu metod arkalary has gowy üns berýändiklerini we goldaw bermek gerekdigi mälim edildi. Plymouth Uniwersitinde işleýän  Andrade, İňlis The Guardian gazetinde neşir edilen ylmy-barlagynda ýürege düşgünç çykyşy diňläp oturan pursadynda kagyza bir zatlar garalaýan adamlaryň üns berip diňläp oturanlardan has gowy ýatlaýandyklaryny aýtdy. Andrade içgysgynç çykyşy üns berýän ýaly bolup diňläp oturanlaryň şol pursatda hyýal we arzuw dünýäsinde gezmäge has meýilli bolýandyklaryny belledi. Ylmy-barlagda 40 sany meýletine 2 ýarym minut dowam edýän çykyş diňledildi we ýarysyndan şol pursatda kagyza şekiljikler garalamaklary talap edildi. Çykyş diňlenenden soňra amala aşyrlan ýatkeşlik synagynda bolsa gatnaşyjylardan çykyşda atlary geçen adam we ýer atlaryny ýazmagy talap edildi.  Çykyşy diňläp otyrka garalama bilen meşgullananlaryň adam we ýer atlaryny beýlekilerden 29 göterim ýaly has gowy ýatlap bilýändikleri ýüze çykdy.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.33