HTTU final wizasyny soňky minutda aldy. HTTU 1-0 Aşgabat
Prezident Kubogynda irki final duşuşygy diýip garalan HTTU bilen Aşgabat toparlarynyň arasyndaky ýarym final duşuşygy çekeleşikli oýna sahna boldy. Her iki topar hem oýna ätiýaçli başlady. Ilkinji minutlarda Aşgabat topary garşydaşynyň derwezesinde birnäçe howply pursat döreden hem bolsa netije alyp bilmedi. Duşuşygyň ilerki wagtlarynda HTTU topary oýunda üstünligini kabul etdirip hüjümlerini ýygjamlaşdyryp başlady. Türkmen-Türküň futbolçylary garşydaşlarynyň derwezesinde ençeme howply hüjümleri amala aşyran hem bolsalar ilkinji ýarym 0-0 hasabynda tamamlandy.
Ikinji ýarymda hem ätiýaçli hereket eden toparlar wagt geçdikçe oýnuň gyzgalaňyny artdyryp ugradylar. Her iki topar hem amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler. Hüjümlerini artdyran HTTU-da Berdi Şamyradow sag tarapdan iberlen topy derwezä salyp bilmedi. Janköýerler 11 mertlik urgularyň finalda çykyş etjek topary kesgitlejekdigine ynanyp başladylar. Hatta tälimçiler hem oýunçylaryny muňa görä çalşyp başladylar. Ýöne HTTU-nyň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň akylly oýunçy çalyşmagy netijesini berdi. Duşuşygyň 89-njy minudynda garşydaş derwezä 35 metr uzaklykda top bilen duşuşan Berdi Şamyradow öz pökgüsini özi dowam etdirdi we jerime urgusy meýdançasyna girip Aşgatatly goragçylaryň päsgelçiligine garaman gol salmagy başardy. Soňky minutda gelen gol hem HHTU-ly oýunçylary hem-de janköýerleri keýpini göterdi. Şeýle hem HTTU-ly oýunçylar şugün 32 ýaşyny dolduran tälimçileri Hojageldiýewe iň gowy sowgady gowşurdylar.
Goldan soňra duşuşygyň emini goşmaça 3 minut berdi emma Aşgadadyň soňky hüjümleri netije bermedi we oýun 1-0 hasabynda tamamlandy.
Beýleki ýarym final duşuşygy bolsa Latwiýanyň Skonto topary bilen Ermenistanyň Gandzasar topary arasynda oýnaldy. 90 minudy 1-1 tamamlanan duşuşykda finalda çykyş etjek topary 11 metrlik urgular kesgitledi. Latwiýaly futbolçylar garşydaşlaryna 3-2 hasabyndan üstin geldiler we HTTU bilen finalda duşuşmaga hak gazandylar.
Fianl 17.00-da başlaýar.
Prezident Kubogynyň finaly bugün Olimpik Stadionynda sagat 17.00-da başlaýar. Üçinjilik üçin bolsa Aşgabat topary Gandzasar bilen 14.00-da duşuşar.



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz