Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Ykdysadyýet | Prezident Berdimuhamedow «Siemens AG» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Prezident Berdimuhamedow «Siemens AG» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Siemens AG» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny—konserniň prezidenti we baş direktory Peter Lýoşeri we kompaniýanyň merkezi müdiriýetiniň ýerine ýetiriji geňeşçisi Rudi Lamprehti kabul etdi.

Iri halkara konserniniň ýolbaşçylary duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler we «Siemens»-iň Türkmenistan bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny aýtdylar. 

PrezidentGurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary mübärekläp, Türkmenistanyň öz ösüşinde dünýäniň iň gowy tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmäge aýratyn üns berýändigini ýene bir gezek nygtady we ýurdumyzyň özüniň köpden bäri gatnaşyk edýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlaryna artykmaçlyk berýändigini aýtdy. Olaryň arasynda meşhur «Siemens AG» kompaniýasy hem bar. Mälim bolşy ýaly, onlarça bilelikdäki taslamalar, şol sanda saglygy goraýyş, aragatnaşyk ulgamlaryndaky we beýleki möhüm ugurlardaky taslamalar bu meşhur konsern bilen özara bähbitli, üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesi boldy.

Peter Lýoşer dünýäniň iri biznesi, hususan-da, nemes işewürleri tarapyndan Türkmenistana uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, munuň, ilkinji nobatda, ýurduň ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň giň möçberliligi bilen şertlendirilendigini nygtady. Munuň mysaly hökmünde iri german kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň täze tekliplerini hödürledi. Şol teklipler Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalary nazara alnyp düzüldi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň geljegi uly ugurla-ryny ylalaşdylar we kesgitlediler. Energetika ulgamynda, şol sanda energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary ulanmakda, senagatda, bar bolan ulag infrastruk-turasyny döwrebaplaşdyrmakda we elbetde, eýýäm hyzmatdaşlygyň baý tej-ribesi toplanylan saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Peter Lýoşer «Siemense» bildirilýän uly ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentini gazanylan ylalaşyklaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we däbe öwrülen türkmen-german hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegi üçin özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.00