Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Sport | HTTU däbini dowam etdirdi. Prezident Kubogynyň finaly, HTTU 1- 0 Skonto

HTTU däbini dowam etdirdi. Prezident Kubogynyň finaly, HTTU 1- 0 Skonto

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti (HTTU) futbol topary Prezident Kubogyny yzly-yzyna 3-nji gezek aldy.

Bu ýyl 15-njisi geçirlen Türkmenistanyň  Prezidentiniň futbol boýunça Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalyndan Latwiýanyň Skonto topary bilen duşuşan Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň futbol topary kuboga abuna bolandygyny ýene bir gezek görkezdi.

Oýuna her iki topar hem diýseň ätiýaçly başlady. Ýazguly Hojageldiýewiň okuwçylary duşuşygyň 15-nji minudyndan soňra bolsa hüjümlerini ýygjamladyp başladylar. Emma ilkinji ýarym garşylykly hňjümlere garamazadan 0-0 hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymy hem HTTU-nyň hüjümleri bilen başlady. Ikinji ýarymda oýunda düzgün bozmalaryň köpelmegi bilen halkara derejeli  eminimiz Çarymyrat Baýmyradow zol-zol sary kartlaryna ýüz tutmaly boldy.

  HTTU topary 66-njy minutda kubogy getiren goly Skontonyň serwezesine salmagy başardy. Azat Garajaýew 25 metr töweregi uzaklykdan pökgä batly we ykjam urdy, Skontonyň derwezebany topa päsgel berip bilmedi we gol boldy. 30 müň töweregi janköýerden doly Olimpik Stadiony bu goldan soňra şowhun bilen joşdy.

Goldan soňra Skonto HTTU-nyň derwezesini gabaw astyna alsa-da oýunda başga gol bolmady. Eminiň soňky tüýdügi bilen HTTU-ly oýunçylar janköýerlerine tarap ylgadylar.

Kubok dabarasynda turnirde tapawutlanan oýunçylara baýraklar gowşuryldy. HTTU-nyň kapitany Berdi Şamyradow kubogy Sport we Turizm Komitetiniň Başlygy Gurbanmyrat Elýasowyň elinden aldy.  

Şeýlelik bilen HTTU topary20 müň dollar baýrakly kubogy muzeýlerine äkitmegi başardylar.  Kubokda 3-njili bolsa Emenistanyň Gandzasar toparyny ýeňen Aşgabat topary aldy.

Teswirler (1 sany):

alican da 13 March, 2009 10:08:55

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.50