Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Günüň wakalary | Prezident Berdimuhamedow Mary welaýatynda

Prezident Berdimuhamedow Mary welaýatynda

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda saparda bolup, Tagtabazarda geçiriljek harby tälime gatnaşar. Şeýle hem Prezident Berdimuhamedow welaýatda gurlan täze desgalary halkyň hyzmatyna açar.

 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Mary welaýatyna gitdi. Sapara hökçmet agzalary, ministrler, diplomatiki missiýanyň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar gatnaşýar.

Prezident Berdimuhamedow ilki bilen Tagtabazarda geçiriljek Ýaragly Güçlerimiziň harby tälim okuwyna gatnaşar. Harby okuwdan soňra Döwlet Baştutany Berdimuhamedow  Mary  şäherindäki Ruhyýet Köşkünde geçiriljek konserte gatnaşar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ertir bolsa welaýat merkezinde gurlan Ene Mähri Saglyk Merkeziniň, täze gurlan multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrlan täze mekdebiň, metjidiň we beýleki desgalaryň açlyş dabarasyna gatnaşar.

Berdimuhamedow we bilelikdäki delegasiýa soňra Lebap welaýatyna awtobuslar bilen gidip, Türkmenabat şäherinde geçiriljek Ýaşulylar Maslahatyna gatnaşarlar.

Teswirler (1 sany):

Yhlas Myrat da 07 March, 2009 07:39:51
avatar
Tuweleme prezident awtobus bilen Marydan Lebaba gecyan bolsa ozgerilishik barow. Ya yollar duzeldildimi?

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.57