Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Durmuş | Hazaryň tebigy baýlygy sanawa alynýar.

Hazaryň tebigy baýlygy sanawa alynýar.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

   Ornitologlar Garabogazdan Esengula çenli günorta-gündogar kenar ýakasyny, suwly-batgaly ýerleri we deňiz adalaryny barlap, guşlaryň ýüz müňden gowragyny, şol sanda gyzyl gotan, gyzylinjik, guw ýaly guşlaryň seýrek duşýan görnüşlerini hasapladylar. Dürli görnüşli ördekler aýratyn hem köp sanly boldy. Uçup geçýän guşlary «tükellemek» üçin güýzde hem şunuň ýaly, ýöne ýerüsti, awtomobillerde däp bolan çäreler geçirilýär. Käteler şol barlaglar serhetüsti häsiýete eýe bolýar. Mysal üçin, 2007-2008-nji ýyllaryň güýzünde we gyşynda türkmen ornitologlaryna olaryň eýranly kärdeşleri hem goşuldy, olar Mazanderan we Gülüstan welaýatlarynyň kenarýaka zolagynda guşlaryň hasabyny ýöretdiler. Toplanan maglumatlaryň esasynda Hazaryň türkmen böleginiň goraghana künjeklerinde duş gelýän köpsanly guşlaryň düzümi, sany, mesgen tutan, höwürtgeleýän ýerleri, göçüş-gonuşy, gyşlaýşy hakyndaky maglumatlaryň banky döredilýär.

Hazar goraghanasynyň täsin tebigy toplumynyň ägirt uly milli we halkara ähmiýeti bardyr. Onuň 260 müň gektardan gowrak meýdany bolan territoriýasynda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň 900-e golaý görnüşi bar. Olaryň 47-si Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Iň esasysy bolsa bu ýerde Günbatar Ýewropadan, Arktikadan we Sibirden günorta tarap uçup geçýän guş sürüleriniň Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika migrasion ýollary kesişýär. Bu ýeriň howasynyň maýyl bolmagy netijesinde olaryň köpüsi Hazarda gyşlamaga galýarlar. Hut şonuň üçin hem Türkmenbaşy, Demirgazyk Çeleken, Balkan, Mihaýlow deňiz aýlaglary we gadymy Hazaryň kenaryndaky suwly-batgalyk ýerler halkara ähmiýetli mesgenleriň statusy bilen Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna goşuldy.

Hazaryň biologiki köpdürlüligini gorap saklamaga ýardam etjek bu babatdaky iň uly möçberli taslamalaryň biri Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Global ekologiýa gaznasy we Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Iki ýyldan sähel gowrak wagt mundan öň badalga alan ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady Hazar döwlet goraghanasyny dolandyrmagyň bütinleý täze, iň oňat dünýä tejribesine esaslanan ulgamyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr, ol bolsa soňra Türkmenistanyň beýleki milli goraghanalarynda, seýilgählerinde, zakazniklerinde hem ulanylyp bilner.

Mundan başga hem taslama beýleki ugurlaryň birnäçesini özünde jemleýär. Olar, birinjiden, Hazar goraghanasynyň ylmy-tehniki we kadrlar potensialyny güýçlendirmekden, hünärmenlere tebigaty goramak işlerini guramagyň, meýilleşdirmegiň häzirkizaman usullaryny öwretmekden ybaratdyr. Meýdan gözegçiliklerini we ylmy-barlaglary geçirmek, goraghananyň gorag ulgamyny pugtalandyrmak üçin ýolsuz ýerde hereket edýän UAZ, «Patriot» awtomobilleri we mikroawtobus, şeýle hem kompýuter we wideo tehnikasy, fotoapparaturalar, wideokameralar, dürbüler, GPS nawigasion gurallary satyn alyndy, şol awtomobiller göçme ylmy laboratoriýa gaýtadan enjamlaşdyryldy. Goraghana üçin motorly gaýyklary satyn almak hem bellenildi. Kenar şäherçesiniň golaýynda laboratoriýaly, gözegçilik edilýän diňli, deňiz duralgaly, edara ediş we beýleki binalary bolan täze bioköpdürlilige gözegçilik etmek boýunça daýanç nokadyny gurmagyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda «Hazar deňziniň kenaryndaky Hazar goraghanasynda dünýä ähmiýetli biologiki köpdürlüligi gorap saklamak hem-de durnukly peýdalanmak» atly taslamanyň çäklerinde ýörite kompýuter programmalarynyň we GPS-tehnologiýalaryň, kosmosdan surata düşürilen materiallaryň kömegi bilen Hazar goraghanasynyň täze kartasy düzülýär. Munuň zerurlygy, hususan-da, Hazar üçin deňiz derejesiniň köp ýyllyk we möwsümleýin üýtgäp durmagyň häsiýetlidigi bilen şertlenendir, şol üýtgäp durmagyň netijesinde onuň kenar ugry, aýlawlaryň çuňlugy, kenar ýakasyndaky landşaft üýtgeýär. Mysal üçin, soňky deňiz derejesiniň ýokary göterilen döwründe hakykatda köp ýyllaryň dowamynda çarlaklaryň höwürtgeleýän ýeri bolup hyzmat eden Osuşnyýe atly goraghana adalary ýok boldy. Ogurjaly adasynyň meýdany azaldy, Balhan aýlagynda bir wagtyň özünde täze adalaryň arhipelagy emele geldi. Degişlilikde guşlar hem öz mesgen tutýan ýerlerini üýtgedýärler.

Goraghananyň çäklerini takyklamak, onuň landşaftlarynyň ýagdaýyny öwrenmek üçin birnäçe ekspedisiýalar geçirildi, kenar ýakasynyň ekologiýasyna antropogen ýagdaýlaryň täsirini kesgitlemek şol ekspedisiýalaryň wezipeleriniň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, Hazar sebiti Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi nukdaýnazaryndan ileri tutulýan sebitdir. Bu ýerde nebitgaz çykarmak we nebithimiýa senagaty işjeň ösdürilýär. Dürli mineral serişdeleri gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Syýahatçylygy, balykçylyk pudagyny ösdürmek üçin uly möçberdäki maýa goýumlary bölünip berilýär. Şonuň üçin hem Hazaryň tebigy resurslaryny peýdalanmak we özboluşly biologiki köpdürliligini gorap saklamak meselelerini çözmäge sazlaşykly çemeleşmäni üpjün etmek örän möhümdir. Şu maksat bilen, goraghana zolagyny utgaşykly dolandyrmagyň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar, ol ekologiýa taýdan abadançylygyň ölçeglerini we standartlaryny özünde jemlär we geljekde umumydöwlet möçberinde ornaşdyrylmalydyr. Onuň düýp mazmuny goraghana territoriýalary bilen belli bir derejede baglanyşykly bolan ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ylmy hem-de tebigaty goraýyş guramalarynyň, ýerli ýaşaýjylaryň hem-de dolandyryş edaralarynyň, täjirçilik düzümleriniň bähbitlerini ylalaşmakdan, tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.


Taslamanyň çäklerinde biologiki köpdürlülige we gorag zolagynyň döwlete getirip biljek peýdasyna ykdysady taýdan baha bermek geçiriler. Tebigata zelel ýetirmezden kem-käsleýin hojalyk işine rugsat berlip bilinjek ýerler, awçylyk hojalygy üçin berlip bilinjek ýerler, şeýle hem tebigatyň adamyň täsiri ýetmedik ýerleriniň şol durşuna galdyryljak bölekleri hakyndaky teklipler taýýarlanylýar. Şol ýerleriň özboluşlylygy we ajaýyplygy gürrüňsiz suratda bütin dünýäniň ekologiýa babatdaky syýahatçylyga janköýerleriň ünsüni çeker. Şu maksat bilen, Balkan welaýatynyň syýahatçylyk potensialyny öwrenmek, Maşat-Misseriany, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň beýleki taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini öwrenmek boýunça ekspedisiýalar geçirildi. Teležurnalistler tarapyndan surata düşürilen filmlerden başga hem toplanylan maglumatlar Hazar goraghanasynyň Tebigat muzeýinde täze ekspozisiýalary döretmäge we özüne çekiji syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamaga esas bolup hyzmat eder.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.50