Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Sport | Özbek Ýokary Ligasynda legoinerleriň sany 52-ä ýetdi.

Özbek Ýokary Ligasynda legoinerleriň sany 52-ä ýetdi.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

Özbegistanda 9 Türkmenistanly futbolçy çykyş edýär.

Özbegistanyň Ýokary Ligasynda 13 döwletden 52 daşary ýurtly legioneriň çykyş edýändigi mälim edildi.  

Özbegistan Futbol Federasiýasyndan berlen habara görä, Ýokary Ligada  16 futbol kluby çykyş edip, ligada 13 döwletden 52 futbolçynyň ýaşyl meýdançada pökgi oýnajakdygy bildirildi.

Soňky ýyllarda ligasynda futbolyň hilini epesli ýokarlandyran özbek klublaryndaky  daşary ýurtly oýunçy sany muňa şaýatlyk edýär. Ligada 9 sany Türkmenistanly legioneriň hem top oýnaýandygy habar berildi. Şeýle hem ligada Çili, Braziliýa Ukraina, Russiýa, Gruziýa, Serbiýa, Nigeriýa, Gyrgyzistan, Täjigistan we Gazagystanly futbolçylar ýer alýar. Özbek Ligasynda iň köp 15 futbolçy sany bilen Ukrainaly oýunçylar başy çekýär. Soňra bolsa 9 oýunçy sany bilen Türkmenistan ikinji orunda durýar. Şeýle hem 7 Russiýa, 5 Braziliýa, 4-den Serbiýa, Nigeriýa, we Gruziýa, 3-den Çili, Latwiýa, Garadag, Gyrgyzistan, Täjigistan we Gazagystanly  oýunçylaryň ligada oýnajakdygy mälim edildi.

Iň köp daşary ýurtly futbolçynyň bolsa Braziliýaly ýyldyz oýunçy Riwaldonyň topary Bunýodkor toparynda ýer alandygy habar berildi. Klubda 4 Brazliýaly futbolçy bilen birlikde Çiliden we Törkmenistandan 1 oýunçynyň çykyş edýändigi mälim edildi.

Özbegistan Futbol Federasiýasy 2009-njy ýylda Ýokary Ligada çykyş edýän kluplarda daşary ýurtly oýunçy sanyny 6 bilen çäklendiripdi.

Teswirler (1 sany):

Shatlyk da 04 March, 2009 03:55:22
avatar
Hayran galaymaly....

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
4.71