Merkezi Aziýa we Global Howpsyzlyk meselesi Aşgabatda halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
15 ýurtdan halkara gatnaşyklar bilermenleri Merkezi Aziýa sebtiniň wawwaly meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Halkara derejesindäky ýygnaklara öý eýeçilik edýän paýtagt Aşgabatda "Merkezi Aziýa we Global Wehimler" atly halkara seminar geçirildi.
Nisa Otelde geçirlen halkara seminar Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi tarapyndan guraldy. Halkara seminara Russiýa, Hytaý, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Eýran, Germaniýa, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzistan, Özbegistan, Täjigistan we Azerbeýjan ýaly 15 döwletden halkara gatnaşyklaryň bilermenleri we syýasatçylar gatnaşdy.
Seminaryň açylyşynda çykyş eden Daşary Işler Ministri Reşit Meredov, seminarda ara alnyp maslahatlaşylýan global problemalaryň gatnaşyjylaryň tejribeleri bilen analiz edilmeginiň şeýle meseleleriň çözülmegine oňňyn goldaw berer diýip aýtdy. Sebitde durnuklylyk üçin täze bir sistema gerek diýen Meredov, Türkmenistanyň sebitdäki we beýleki meseleleriň çözülmegi üçin BMG bilen bilelikde işleýändigini aýtdy.
BMG Öňüni Alyş Diplomatiýasy Merkeziniň baştutany Miroslaw Jenca hem sebiti bilen baglanşykly terrorçylyk, neşe serişdelerine garşy göreş we ekstremizm ýaly hereketlere garşy dünýä döwletleri bilen bilelikde söweşip boljakdygyny we Merkezi Aziýanyň şeýle problemalaryň çözülmeginde strategiki ähmiýete eýedigini nygtady.
Ýygnaga Türkiýeden gatnaşan owalky Türkiýäniň Daşary Işler Ministri we NATO Baş Sekretarynyň Owganystandy owalky ýörite wekili Hikmet Çetin hem, neşe serişdelerine garşy göreş we terrorçylyk ýaly wakalar bilen göreşde Merkezi Aziýa sebtiniň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Iki gün dowam eden seminarda "Merkezi Aziýada sebitleýin howpsyzlyk we täze wehimler", "Global howpsyzlyk we täze wehimleriň Merkezi Aziiýa täsiri", "Dünýä energiýa bazary we energiýa howpsyzlygy" ýaly temalar bilen bilelikde "Merkezi Aziýada klimat üýtgeşiklikleri we ekologiki wehimler" ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz