Forbes žurnaly dünýäniň milliarderler sanawyny beýan etdi. Milliarder sany iň köp haýsy ýurtlarda azaldy?
Global maliýe çökgünlik dollar milliarderlerini hem " çökerdi"
Amerikan maliýe elitasynyň žurnaly Forbes Magazine tarapyndan taýýarlanan dünýäniň dollar milliarderleri sanawyna görä, global maliýe krizis sebäpli geçen ýyla görä dünýädäki milliarderleriň sany epesli azaldy we ýer şarynyň iň baýlary geçen ýyla görä "garyp düşdiler".
Žurnalyň baş redaktory we eýesi Steve Forbes, iň belli redaktorlary Luisa Kroll, Paul Maidment bilen Matthew Millerinň žurnalyň merkezinde guralan metbugat beýanynda mälim eden sanawlaryna görä, bu ýyl 2003-nji ýyldan bäri sanawda ýer alan milliarderleriň sany azaldy.
Metbugat beýanynda 2008-nji ýylda 1125 bolan milliarder sanynyň bu ýyl 793 bolandygy habar berildi. Forbes redaktorlarynyň maglumatyna görä, geçen ýyl baýlaryň ortaça baýlygy 3.8 milliar dollar bolan bolsa, bu ýyl bu san 3 milliard dollara gaýtdy.
Bu ýylky sanawda 355 milliarder sanawyň daşynda galyp, 38 täze milliarder bolsa krizise garamazdan sanawa girmegi başardy. Geçen ýylky sanawda ýer alan 18 adam bolsa aradan çykdy. Şeýle hem sanawda ýer alan aýal milliarder sany bolsa 99-dan 72-ä gaýtdy.
Iň köp millarder ABŞ-de
Sanawa görä iň köp dollar millarderi ABŞ-de ýaşaýar. Emma geçen ýyl sanawda 1.6 trillion baýlyk bilen amerikaly 469 baý ýer alan bolsa, bu san şu ýyl 359-a gaýdyp olaryň jemi baýlygy 1.1 trillion dollara barabar boldy.
ABŞ-den soňra Ýewropada 196 ( jemi 665 milliard dollar), Aziýa we Ýuwaş Okean sebtinde 130 millarder sanawa girdi. Orta Gündogar we Afrika sebti 58 milliarder jemi 156 milliard dollarlik baýlygy bilen 4-nji orunda ýer aldy. Latyn Amerika we Kanada bolsa 50 milliarderiň 175 milliardlyk baýlygy bilen 5-nji orna eýe boldy.
Sanawda jemi 52 döwletden milliarder orun tapdy. Sanawyň ilkinji 20 hatarynda 10 sany amerikaly bar. Şäherler boýunça bolsa New Yorkda 55, Londonda 28, Moskwada bolsa 27 milliarder ýaşaýar.
Ýaş milliarderler azaldy.
Sanawdaky milliarderleriň ortaça ýaşy bolsa 63.7-ä galdy. Orsýetden we hytaýdan geçen ýyl sanawa giren ýäş millliarderleriň bu ýyl sanawdan aýrylmagynyň täsiriniň ulydygy çak edilýär. Bu ýyl iň ýaž milliarder 2.1 milliard baýlygy bilen 381-nji orunda ýer alan 25 ýaşyndaky nemes Albert von Thurn und Taxis boldy. Geçen ýyldy sanawyň iň ýaş milliarderi Facebookyň eýesi24 ýaşyndaky Mark Zuckerberg bolsa bu ýylky sanawdae orun tapmady.
Orsýet bu ýyl milliardeleriniň 3-den 2 bölegini ýitirdi. Geçen ýyl sanawa 87 baý beren Orsýetden bu ýyl bolsa diňe 32 sany milliarderi salyp bildi.
Ynha 2009-njy ýylyň iň baý 20 adamy
1- Amerikaly Bill Gates (Microsoft-40 milliard dollar)
2- Amerikaly Warren Buffet (Berkshire Hathaway- 37 milliard dollar)
3- Meksikaly Carlos Slim Helu (Telekom-35 milliard)
4- Amerikaly Lawrence Ellison (Oracle-22,5 milliard)
5- Şwesiýaly Ingvar Kamprad (Ikea-22)
6- Germaniýadan Karl Albrecht (Aldi-21,5 )
7- Hindistan Mukesh Ambani (Petrokimya-19,5 )
8- HindistanLakshmi Mittal (Mittal-19,3)
9- Nemes işewür Theo Albrecht (Aldi-18,8 )
10- İspan Amancio Ortega (Zara-18,3 )
11-Amerikaly Jim C. Walton (Walmart-17,8 ),
12-Amerikaly işewör Robson Walton (Walmart-17,6 )
13-Amerikaly Alice Walton (17,6 )
14-Amerikaly Christy Walton (17,6 )
15-Fransuz işewür Bernard Arnault (16,5 )
16-Gang Kong işewür Li Ka-shing (16,2 )
17-New York Meri Michael Bloomberg (16 )
18-Şwesiýaly işewür Stfan Persson (H&M-14,5 )
19-Amerikaly Charles Koch (14 )
20-Amerikaly işewür David Koch (14 milliard dollar)



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz