Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Sport | Germaniýanyň belli awtomobil öndürijisi Volkswagen firmasy Kazanda başlap Aşgabatda tamamlanjak Ýüpek Ýoly-2009 rallisine gatnaşjakdygyny beýan etdi.

Germaniýanyň belli awtomobil öndürijisi Volkswagen firmasy Kazanda başlap Aşgabatda tamamlanjak Ýüpek Ýoly-2009 rallisine gatnaşjakdygyny beýan etdi.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

  Geçen günlerde Dünýä Awtomobil Federasiýasy tarapyndan Dakar Series derejesi berlip, şu ýylky ýaryşlaryň hataryna goşulan Ýüpek Ýoly-2009 rallisine Germaniýanyň belli maşyn öndüriji kompaniýasy Volkswagen hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

 Kompaniýanyň maşyn sportlary başlygy Kris Nissen bu barada metbugata beren beýanynda bu ralliniň arkaýyn " Kiçi Dakar" diýlip atlandyrlyp bilinjekdigini aýdyp, täze Ýüpek Ýoly-2009 rallisiniň özlerinde şu vagtdan tolgunma döredendigini belledi. Täze rallinin Dakar ýaly kynçylykly boljakdygyny beýan eden Nissen, ençeme etaplardan we owadan mekanlardan geçjek Ýüpek Ýoly-2009-yň gyzykly geçjekdigini mälim etdi.

 Şeýle hem Moskwada Tatarystanyň paýtagty Kazanda başlap Gazagystanyň üstünden geçip paýtagtymyz Aşgabatda tamamlanjak Ýüpek Ýoly-2009 rallisiniň resmi tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Orsýet, Türkmenistan, Gazagystan we Fransiýanyň wekilleri gatnaşyp guramaçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.  

 Ýygnakda Ýüpek Ýoly-2009 rallisiniň guramaçylyk komiteti başlygy Semýon Ýakubow bilen  Fransiýanyň Amaury Sport Organisation (ASO) wekili Frediric Lecieniň arasında hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi.ı. Off-Road Dakar rallilerini ve Tour de France tigir yarışlarynyň hem guramaçylyk işlerini alyp barýan ASO, Dakar rallisiniň Ýüpek Ýoly-2009 etabynyň hem guramaçylygyny alyp barar.

Dakar rallisiniň ençeme gezek çempiony bolan Kamaz Masters tarapyndan teklip edilip geçirljek Ýüpek Ýoly-2009 rallisi Tatarystanyň paýtagty Kazanda 5-nji Sentýabrda başlap şol aýyň 13-ne Ažgabadyň baş meýdanyndan tamamlanar. Jemi 4500 km boljak ýaryşa 50 töweregi ýük maşyny we 200 ýaryş awtomobili bilen bilelikde 500 ekipažyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu halkara derejesindäki Ýüpek Ýoly-2009 rallisine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow uly ähmiýet berýär. Prezident Berdimuhamedow gysga wagt öň Kamaz firmasynyň sowgat beren sport ýük maşyny bilen ýaryşyn geçirilmagi maksat edilen Garagum çölüniň jümmüşinde barlag sürüşini geçirdi. Berdimuhamedow jogapkär işgärlerden ýaryşyň guramaçylgy üçin häzirden taýýarlyga başlamagy talap edipdi.

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.50