Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Syýasat | Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşdy

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

 

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 10-njy ýubileý duşuşygyna gatnaşmak üçin Tähranda boldy. Eýranyň paýtagtynyň halkara aeroportunda türkmen Liderini Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Parwiz Dawudi we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti aeroportdan «Saadabat» köşk toplumynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup we oňyn bitaraplyk pozisiýasyndan çykyş edip, sebitleýin derejede, şol sanda EKO-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işeňňirleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ýardam etjek möhüm başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürdi. Ilkinji nobatda global energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw-energetika meselelerini çözmäge, transkontinental ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge degişli şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Tähranda geçirilen sammitde hem bu pozisiýa mynasyp baha eýe boldy.

Bellenilen wagtda türkmen Lideri we duşuşyga gatnaşyjylar EKO-nyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary «Saadabat» toplumynyň «Hafeziýe» köşgüniň VIP zalyna ýygnandylar. Foruma gatnaşmak üçin Tährana Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri geldiler. Gazagystan Respublikasyna we Gyrgyzystan Respublikasyna şol ýurtlaryň Premýer-ministrleri, Özbegistan Respublikasyna Parlamentiň başlygy wekilçilik edýär. Hormatly myhmanlar hökmünde sammite goňşy döwletleriň birnäçesiniň, şol sanda Yragyň we Katar Döwletiniň, şeýle hem iri halkara guramalarynyň, BMG-niň we YKG-niň ýolbaşçylary çagyryldy.

Belent mertebeli myhmanlary Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad mähirli mübäreklädi. «Jenan» zalynda EKO-nyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 10-njy duşuşygynyň açylyş dabarasy boldy.

EKO-nyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 9-njy sammitiniň başlygy—Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew duşuşyga gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

10-njy sammitiň başlyklygyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad saýlanyldy. Eýranyň lideri ýygnananlara ýüzlenip, EKO-nyň giňişliginde häzirki zamanyň talaplaryna we sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň oňaýly mehanizmini işläp taýýarlamak jähtinden bu forumyň ähmiýetini nygtady.

Ozal habar berlişi ýaly, forumyň gün tertibine bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, şeýle hem däbe öwrülen gumanitar ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Dünýä maliýe çökgünligi we onuň EKO sebitine täsiri hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki derwaýys meseleler Tähran duşuşygynyň üns merkezinde boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylara söz berilýär.

Forumda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, sammiti guraýjylara Tähranda türkmen delegasiýasynyň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežady Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejedäki 10-njy ýubileý duşuşygynyň Başlyklygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyna işeňňir gatnaşmak bilen, şu günki duşuşyga EKO-nyň işindäki möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 16 ýyldan gowrak wagt mundan ozal onuň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgelere we maksatlara eýermek arkaly, haýsydyr bir syýasy ýa-da ideologik garaýyşlardan azat bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde öz ugruny saklap galdy. Şu ýörelgelere eýerip, EKO sebitiň çäklerinden çykyp, beýleki halkara guramalary we köpsanly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de daşarky dünýä bilen gatnaşyklary giňeldýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Baştutany wagtyň geçip durandygyny hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitleýin işleriň barşynyň we ugrunyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeleriň işlenip düzülmeginiň zerurdygyny aýdyp, esasy wezipäniň ykdysady serişdeleriň üsti bilen sebitde syýasy durnuklylygyň üpjün edilmeginden, howpsuzlygyň we rowaçlygyň, progressiw sosial-ykdysady ösüşiň, dürli sebitlerde bähbitleriň deňeçerliginiň durnukly ýagdaýda saklanmagynyň we ahyrky netijesinde halkara howpsuzlygynyň umumy ýagdaýyna oňyn täsir etmegiň hatyrasyna netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleriň artdyrylmagyndan ybaratdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň pozisiýasyny beýan etmek bilen, energetika we ulag ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, kämilleşdirilmegini we olaryň diwersifikasiýasyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezdi. Türkmen Lideri ýangyjyň akymlarynyň toplumlaýyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna energetiki çig malyny dünýä bazaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygy bilen bagly möhüm mesele boýunça giň halkara gepleşigine girişmek baradaky teklibini berip, degişli rezolýusiýanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna berendigini hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan ähli ýurtlaryň şol rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş edendigini we soňra şonuň BMG-niň forumynda biragyzdan kabul edilendigini belledi.

 Berdimuhamedow şu başlangyjyň biragyzdan goldanandygy üçin sammite gatnaşyjylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň orta atylan meseläniň durmuşda möhüm ähmiýete eýedigine hemmeleriň düşünýändigini we konstruktiw hyzmatdaşlyga ygrarlylygyň zerurdygyny görkezýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Prezident Berdimuhamedov Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň şu pozisiýasyna hakyky dostlugyň we gatnaşyklary pugtalandyrmagyň nyşany hökmünde garaýandygyny aýdyp, Guramanyň agzalary bolup durýan döwletleriň wekillerini ýangyjy ibermegiň ygtybarlylygyna we durnuklylygyna bagyşlanyp, indiki aýyň ahyrynda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen Lideri köpugurly ulag infrastrukturasyny döretmegiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýene bir möhüm ugry bolup, şol infrastrukturany ykdysady we sosial ösüş boýunça milli we sebit derejesindäki meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm faktorydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Ýewropadan Pars aýlagynyň deňiz portlaryna tarap ýoly has gysgaldýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny gurmak boýunça birnäçe başlangyçlary orta atandygyny ýatladyp, Ýewraziýa giňişligindäki beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýän ulag-kommunikasion taslamalary amala aşyrmak üçin tagallalary işeňňirleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde öňüni alyş diplomatiýasy, dawalardan soňra ykdysady we sosial infrastrukturany dikeltmek boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystany dikeltmek işine, owgan topragynda parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, doganlyk ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, şol sanda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine, sosial maksatly desgalaryň gurluşygyna gatnaşmagyny muňa anyk mysal hökmünde görkezdi.

 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow biz geljekde-de Owganystanyň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris, owgan halkyna soňky on ýyllyklarda başdan geçiren uruşlarynyň we dawalarynyň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmaga kömek ederis diýip aýtdy.

 Prezident Berdimuhamedov öz çykyşyny tamamlamak bilen, şu duşuşygyň halklaryň abadançylygynyň we rowaçlygynyň, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna Guramanyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň köpugurly potensialyndan netijeli peýdalanmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Gysgaça arakesmeden soň forum öz işini dowam etdirdi. Duşuşyga gatnaşyjylar EKO-nyň täze Baş sekretaryny saýladylar. Bu wezipä Owganystan Yslam Respublikasynyň wekili Ýahýa Marufi saýlanyldy. Ýygnananlar şu duşuşygyň ähmiýetini we netijeli gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtap, EKO-nyň nobatdaky maslahatyny iki ýyldan Päkistanda geçirmek barada ylalaşdylar.

10-njy Sammitiň Başlygy — Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad özüniň jemleýji sözünde hyzmatdaşlaryň derwaýys meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, taraplaryň erk-islegi netijesinde bu gün şu hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan belent mertebeli myhmanlaryň — EKO-nyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň hormatyna resmi günortanlyk nahary berildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Jenan» zalynda Sammitiň çäklerinde dünýä maliýe - ykdysady çökgünligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Türkmen Lideri EKO-nyň täze saýlanan Baş sekretaryny mähirli gutlap we oňa bu ýokary wezipede üstünlikler arzuw edip, öňünden görlen çäreler netijesinde global çökgünligiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly täsir etmändigini belledi. Şol çäreler çökgünligiň täsirini peseltmäge we ýurdumyzyň mundan beýläk hem durmuş - ykdysady ösüşiniň esasyny goýmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol çäreleriň hatarynda Durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegini, pul - maliýe reformasynyň geçirilmegini görkezdi. Şol reformanyň çäklerinde milli puluň hümmeti unifisirlendi we onuň denominasiýasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň EKO bilen hyzmatdaşlyga berýän ähmiýeti barada aýdyp, bu düzüme esasan hem ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda giň gatnaşyklara taýýardygyny aýdyp, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, EKO erkin agza hökmünde gatnaşar diýip belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna we möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ikitaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlyga artykmaçlyk berip, sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.

Duşuşyk tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar — EKO-nyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary «Golbang» zalyna bardylar, şol ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Sylaglananlaryň arasynda türkmen alymy, geologiýa - mineralogiýa ylymlarynyň doktory Mars Aşyrmämmedow hem bar.

Şol ýerde EKO-nyň 10-njy ýubileý sammitiniň hormatyna çykarylan poçta markasynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Soňra metbugat konferensiýasy boldy. Onda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad Tähran forumynyň jemleri barada habar bilen çykyş etdi.

Metbugat konferensiýasy tamamlanandan soň, EKO-nyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 10-njy duşuşygyna gatnaşyjylar ýadygärlik üçin surata düşdüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda bolmagynyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Karim Masimow bilen duşuşdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi.

Çeşme;Türkmen Döwlet Habarlary

Teswirler (1 sany):

Fatality da 14 March, 2009 02:37:37
avatar
Hormatly Prezidentimize ustunlik arzuw edyan!!!

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.85