Bölümler
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Bahar möwsüminde ýurdumyzda 1.5 million nahal oturdylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Gök guşak» umumymilli taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň täze tapgyryna badalga berildi. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşen uçastoklaryň birinde ir bilen Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Bag ekmäge gatnaşyjylar ajaýyp ahalteke bedewinde gelen Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Ýaşulular bilen gysgajyk söhbetdeşlikde milletiň Lideri işleriň barşy, adamlaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Olar döwlet Baştutanyna üns-aladasy, milletiň Lideriniň türkmen halkynyň bagtly ýaşaýşynyň, onuň gadymy däplerini dikeltmegiň hatyrasyna edýän ägirt uly tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra din wekilleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygyny we gülläp ösmegini, onuň ählihalk tarapyndan saýlanan Lideriniň asylly başlangyçlarynyň hemmesiniň rowaçlanmagyny Allatagaladan diläp, doga-töwir okadylar. Ýygnananlary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutany hemmelere, şol sanda daşary ýurtly diplomatlara bu asylly çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Berdimuhamedow agaç nahallaryny oturtmak üçin taýýarlanan ýerde agaç nahalyny oturdyp, köpçülikleýin bag ekmek kampaniýasyna badalga berýär. Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, uçastoklarda milli parlamentiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, daşary ýurtly diplomatlar we beýleki ýowara gatnaşyjylar agaç nahallaryny oturtdylar. Bu wakadan ýadygärlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň ilçileri bilen surata düşýär. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylaryň ählisini toý saçagynyň başyna çagyrdy. Ýygnananlara, şol sanda daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, Prezident Berdimuhamedov ençeme müňýyllyk taryhy bolan halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli türkmen tagamlaryndan dadyp görmegi teklip etdi. Çärede meşhur türkmen artistleriniň—sazandalaryň, aýdymçylaryň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara bezeg berdi. Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wladimir Badalýan gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleri bilen meşhur bolan türkmen halkynyň kalbynyň giňligi we jomartlygy jemlenen ajaýyp baýramçylyk we duz-tagam üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Prezident Berdimuhamedov hoşlaşyp, bag ekmek çäresine gatnaşanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Hepde ahyrynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe ildeşimiz bag ekmek kampaniýasyna gatnaşdylar, onuň çäklerinde 300 müňden gowrak, şol sanda Aşgabadyň daş töwereginde 150 müňe golaý pürli we beýleki agaçlar oturdyldy.
Jemi häzirki bahar möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça 1,5 million agaç nahaly oturdylar.
Habara baha ber



Teswirler ( sany):
Teswir ýaz