Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Günüň wakalary | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font
image

     Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, kanunylygy we hukuk-tertibini üp¬jün etmek boýunça wezipeler bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutany mejlisi açyp, Türkmenistanyň dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan syýasatyna ygrarly bolup galýandygyny hem-de halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk statusyny türkmen halkynyň we tutuş sebitdäki halklaryň abadançylygynyň möhüm ähmiýetli şerti hökmünde milli we ählumumy howpsuzlygyň hatyrasyna gyşarnyksyz durmuşa geçirýär diýip belledi. Prezident diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we har¬by hem-de hukuk goraýjy düzümleriň wezipelerini anyk kesgitleýän täze harby doktrinanyň işlenip düzülmeginiň hut şu strategiki maksat bilen şertlendirilendigini belläp, şol edaralaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek boýunça berjaý edýän işleri barada bu edaralaryň ýolbaşçylary¬nyň hasabatlaryny diňledi.

Hususan-da, goranmak ministri harby reformanyň ilerledilişi, şol sanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-tehniki binýadynyň berkidilişi, hünärli harby kadrlaryň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň işi we durmuşy, olaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredili¬şi hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, agzybirlik we jebislik ýagdaýyny saklamak boýunça görülýän çäreler hakynda howpsuzlyk ministri hasabat berdi.

Içeri işler ministri ýurdumyzda jenaýatçylygyň derejesini peseltmek, jemgyýetçilik düzgün-tertibini, şeýle hem ýollardaky tertibi üpjün etmek boýunça polisiýa edaralarynyň geçir¬ýän işleri hakynda hasabat berdi.

Baş prokuror prokuratura edaralarynyň döwletiň ähli durmuş ulgamlarynda kanunçylygy üpjün etmäge gönükdirilen işleri hakynda hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy döwlet Baştutanyny häzirki zaman serhet galalaryny gurmagyň ozal tassyklanan taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini berkitmäge gönükdirilen işler bilen tanyşdyrdy.

Adalat ministri döwletiň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, ilatyň arasynda hukuk sowatlylygynyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilen işler hakynda hasabat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy kazyýet ulgamynyň işleri hem-de ony döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nukdaý nazaryndan mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň işinde häzirki zaman standartlaryny berkarar etmäge gönükdirilen, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda bu gullugyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji hasabat berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda bu düzümiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji hasabat berdi.

Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji howply bela garşy göreşmäge gönükdirilen işler, türkmen jemgyýetiniň howpsuzlygynyň esaslaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Baştutany hasabatlary diňläp, ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de geljekki nesilleriň bagtyýarlygy üçin ygtybarly binýat gurýan türkmen halkynyň asuda we döredijilikli durmuşynyň esaslaryny berkitmek boýunça möhüm we giň möçberli işlerde ysnyşykly hereketleriň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ähli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ornuny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnanan ýolbaşçylary ata Watanymyza we halkymyza halal, öz borçlaryna düşünmek bilen gulluk etmäge çagyrdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Permanlaryň we Kararlaryň toplumyna gol çekdi. 

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
3.38