Habarym bolsun
Email:
Sorag:: Täze görnüşimiz
Täze görnüşimizi haladyňyzmy?
Baş sahypa | Umumy | Türkmen ýaş-alymlar Amerikada duşuşýar.

Türkmen ýaş-alymlar Amerikada duşuşýar.

Ýazgy ululygy: Decrease font Enlarge font

    Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim alýan türkmen talyplar ylmy simpoziumda  duşuşýarlar.   Oguz aýynyñ 15-17-si aralygynda Amerikanyň Texas ştatynyñ Dallas şäherinde geçiriljek ABŞ’da bilim alyan Türkmen talyplarynyñ ylmy sempoziumyna 50-den gowrak türkmen ýaş alymyň gatnaşmagyna garaşylýar.Şeýle hem talyplarymyzyň möhüm duşuşygyna Türkmenistanyň ABŞ-däki  ilçisihanasyndan hem wekilin gatnaşmagyna garaşylyar. Ýene-de ilkinjisi geçiriljek Türkmen Ýaş Alymlaryň I Simpoziumynda Amerikada rak keselleri babatyndaky barlag işleri bilen tanalýan tanymal dünýä belli alym Prof. Dr. Michael White (Teksas Uniwersiteti Southwestern Medical Center,  Simmons Rak Keselleri Barlag Merkezi Direktory) hem türkmen ýaş alymlara  çykyş eder .Teksas Uniwersitetinde geçiriljek we  ABŞ-däki ýaş alymlary ilkinji gezek şeýle çärede ýygnaýan bu simpozium Teksas welaýatynda bilim alýan talyplaryň guramaçylygynda alnyp barylar. Teksas Uniwersiteti Southwestern Medical Center,  Simmons Rak Keselleri Barlag Merkezi doktorantura talyby Kakajan Kömürow şeýle hem  magistratura talyplary Wepa Rejebowyň  we Batyr Durdyýewin öňdebaryjy guramaçylygy bilen geçirilýän duşuşyga türkmen talyplary hem uly höwes bildirdiler.   Simpoziumyň maksatnamasynda häzirki Türkmen ýaşlarynyñ ylmy taýdan ösüş derejesi, Türkmenistanyñ gelejekdäki ösüş derejesini kesgitlejekdigi beýan edilip. ýurdumyzyñ senagat önümleriniñ 21-nji asyrda dünýä bazarlarynda bäsleşip bilmekleri hem häzirki Türkmen ýaşlarynyñ aljak ylmy we tehniki bilimlerine we şol bilimleriñ Türkmen senagatyna ornaşdyrylmagyna bagly boljakdygyna ynanýarys diýip bellenilýär
Amerikanyň çar tarapynda doktorantura we magistratura programmalarynda bilim alýan türkmen talyplaryň aglabasynyň gatnaşmagyna garaşylýan möhüm simpoziumda  türkmen alym-yaşlary öz aralarynda ylmy-tehniki sessiýalar geçirerler.  Türkmenistanyň geljekki ýaş alymlary bu sessiýalar we gepleşikler arkaly bir-birekden peýdaly tejribeler almagy maksat edinýärler.
Şeýle hem, duşuşygyñ dowamynda, Türkmen talyplary, bir-biregi içgin tanap, täze aragatnaşyklar gurmagy we birek-birege ABŞ-da ylym almak boýunça ýüze çykýan meselelerde goldaw bermegi meýilnamalaşdyrýarlar. Amerikada bilim alýan türkmen alym ýaşlar tarapyndan gurnalýan simpoziuomyň maksatnamasynda bolsa şu sözlere ýer berilýär:

Bu sempozium Amerikada bilim alyan turkmen talyplarynyn arasyndaky şahsy we ylmy aragatnasygy güýçlendirmegiñ daşynda, turkmen talyplarynyñ okuwdaky we durmuşdaky hyjuwyny we höwesini artdyrmagy maksat edinyar.

Türkmenistanyñ geljekki altyn nesli bolmaly Türkmen yaşlarynyñ iñ ýokary derejede Watana we adamzada peýdaly bolup yetişip bilmekleri uçin öz durmuşyndaky maksatlaryny we özleriniñ Türkmenistanyñ gelejegindäki ähmiýetini örän gowy bilmelidir. Şu wagt Türkmenistanyñ öz içinde we dünýäniñ çar künjeginde bilim alýan Türkmen yaşlary Türkmenistan Watanymyzyñ gelejegi bolup durýarlar. Bu yaşlaryñ, esasan hem daşary ýurtda okaýanlaryñ, özleriniñ milliligini we “milletine we Watanyna hyzmat” ülñelerini bilmekleri we goramaklary bolsa öran wajypdyr.

Daşary ýurtda bilim alyan Türkmen talyplarynyñ öz milliligini we bilime bolan hyjuwyny ösdürmegiñ iñ esasy ýollararynyñ biri hem olaryn öz-ara gatnaşyp bir-birine goldaw berip durmagydyr. Ine şu aýratynlyklary göz öñünde tutup, bu babatda  Amerikada bilim alýan Türkmen talyplary bilen kiçiräk hem bolsa bir duşuşyk geçirmegi maksat edindik. Biz, bir-birimizi has gowy tanap öz-ara aragatnasygymyzy berkitmegiñ daşynda, ylym, ylmyn ähmiýeti we ylymda üstunlikli bolmagyñ ýollary barada hemmämiziñ köp zatlar owrenip bilerimiz ýaly bir ylmy sempozium geçirmegi makul gördük. Şeylelik bilen hem talyplarymyzy duşuşdyryp türkmençilik atmosferasynda gowy wagt geçirip bile dynç alarys, hem-de ylmy sessiyalar arkaly ylma degişli köp ulgamda köp zatlar öwrenip dünýä-garaýşymyzy giñelderis diýen umydymyz bar.

Biz bu sempoziumda Amerikada we dünýäde tanymal alymlardan başga, öz-aramyzdan käbir talyplaryñ hem belli mowzuklarda gepleşik guramaklaryny meýilleşdirdik. Iki günlük sempoziumyñ  içinde ylmy sessiýalar bilen öz-ara wagt geçirmegimiz ücin dürli çäreler goýduk.


 

Teswirler ( sany):

Teswir ýaz comment

Suratdaky kody ýazyň:

  • email Dostuňa iber
  • print Printer görnüşi
  • Plain text Tekst görnüşi
Habara baha ber
1.00